Sepleriň elýeterliligi

Özbek elitasynyň ogul-gyzlary Latwiýada emläk satyn alypdyrlar


Riga

Riga

Özbek elitasynyň ogul-gyzlary Latwiýada emläk satyn alypdyrlar, çaga dogrupdyrlar we aýdylyşyna görä, millionlarça dollar parahorlykda ýurduň banklaryny ulanypdyrlar. Latwiýanyň jedelli "altyn wiza" programmasyndan 1500-den gowrak özbek peýdalanan hem bolsa, bu Baltika döwleti, umuman, ümsüm we ýapyk jemgyýet hasaplanýar.

Özbegistanyň daşary söwda ministriniň ogly Azym Ganyýewiň "Facebook" saýtynda ýazmagyna görä, kämahallar watanyny küýsese-de, gününi student bolup Rigada hoş geçiripdir.

Ganyýew öz watany Özbegistandan uzakda Latwiýanyň Turiba uniwersitetinde halkara turizm boýunça okuwa giripdir. Ýöne uniwersitetiň işgärleriniň "Re:Riga" atly derňeýji žurnalizm guramasyna aýtmagyna görä, ol okuwyny gutaryp bilmän, ahyrsoňy 2014-nji ýylda uniwersitetden kowlupdyr.

Özbekler san taýdan ikinji orunda

Näme üçin Rigany saýlap tutandygy, näme üçin ol ýerden gidendigi soralyp, "Facebook" üsti bilen berlen soraglara Ganyýew jogap bermedi. Ýöne ýagdaýdan çen tutulsa, ol häzir Daşkentde.

Onuň dogany Aziz Ganyýew häzir-de Rigada student. Baltikanyň halkara akademiýasynyň (BSA) "Re:Riga" aýtmagyna görä, ol üstümizdäki ýyl söwda müdüriýeti boýunça bu akademiýadan ylmy dereje alaryn diýip umyt edýär.

Latwiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan daşary ýurtly studentleriň arasynda özbekler san taýdan ikinji orunda durýarlar. Olaryň sany 900 çemesi, bu daşary ýurtly studentleriň 13.5 prosentidir.

Latwiýa okuwa gelenler diňe Ganyýewler däl, bu ýerde Özbegistanyň beýleki elitasynyň hem ogul-gyzlary bar.

Diplomatik gatnaşyklar

Latwiýa 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan beýläk Özbegistan bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürdi. Diplomatik pasporty bolanlar bu ýere wizasyz gelip bilýärler. 2004-nji ýyldan bäri Özbegistanyň Howa ýollaryna degişli uçarlar Nýu-Ýorka Riganyň üsti bilen uçup, Latwiýany özüniň ýeke-täk transatlantik gullugy bilen üpjün edýärler.

1991-nji ýylda garaşsyz bolnaly bäri Latwiýanyň bäş prezidenti resmi sapar bilen Özbegistana bardy. Özbek prezidenti Yslam Kerimow hem Latwiýa üç gezek gelip gitdi. Ol 2013-nji ýylda gelende özbegistanly adam hukuklary aktiwistleri gahar-gazaba münüp, latwiýaly diplomatlardan "iň birehim diktatoryň" Latwiýanyň garaşsyzlygynyň alamaty bolan "Azatlyk Ýadygärliginde" gül goýmagynyň öňüni almagy haýyş etdiler.

Latwiýa aktiwistleriň bu haýyşyny bitirmedi. Onuň muny özüniň Özbegistan bilen NATO arasynda oýnaýan araçylyk roluny hatara düşürmezlik üçin eden bolmagy ähtimal. Sebäbi NATO özüniň Owganystandaky esgerlerine gerekli ýükleri uzak wagtlap Özbegistanyň üsti bilen ýetirmeli boldy.

"Altyn wiza"

Ýöne başga baglanyşyklar-da bar. 2010-njy ýylda Latwiýa "altyn wiza" düzgünini girizdi. Bu düzgün boýunça Latwiýanyň emläk ýa banklarynda düýpli maýa goýana Ýewropa Bileleşigine agza ýurtda bäş ýyl ýaşamaga rugsat edilýär, ýagny kim pully bolsa, Latwiýada bäş ýyl galyp bilýär. Immigrantlary hasaba alýan edaranyň statistikasynyň görmezmegine görä, şondan bäri 1525 özbek raýaty bu rugsaty alypdyr. Diýmek bu düzgünden peýdalanan özbegistanlylaryň sany, Orsýet bilen Ukrainany hasaba almasaň, öňki sowet respublikalarynyň hemmesinden ýokary. Beýleki gelenler bolsa, "altyn wiza" alman banklardan peýdalananlar. Şeýlelikde, ýurduň ençeme banky halkara derejesinde pul ýuwmak skandallaryna bulaşdylar.

2008-nji ýylda Latwiýanyň iň uly banky "Pareks Banka" global ykdysady krizisiň girdabyna gaçanda özüniň ençeme million ýewro möçberindäki goýumlaryny aýap saklamak maksady bilen bu ýere Gülnara Kerimowa geldi.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departmentiniň sud dokumentlerinde Gülnara Kerimowa parahorlykdan toplanan takmynan 446 million dollary Latwiýanyň iki bankynda - "Aizkraukles Banka" (bu bankyň ady indi ABLW) bilen "Pareks Banka" (bu bankyň ady hem krizisden halas edileninden soň Sitedele boldy) - goýupdyr diýen pikirden ugur alynýar.

Özbegistanyň prezidentiniň kiçi gyzy

Sud dawasynda "özbek hökümetiniň ýokary derejeli resmisiniň bir ýakyn garyndaşy" 2004-nji ýyl bilen 2012-nji ýyllaryň aralygynda daşary ýurtly kompaniýalardan 800 milliondan hem köp para alypdyr diýilýär. Sud dokumentinde 43 ýaşly Gülnaranyň ady agzalanok. Proses özbek bazarlaryna aralaşmaga gyzyklanan Skandinawiýanyň we Orsýetiň telekom kompaniýalarynyň beren uly mukdardaky paralary hakda gitdi.

Lola Kerimowa-Tillýaýewa Özbegistanyň prezidentiniň kiçi gyzy. 37 ýaşly Lola öz aýal dogany Gülnara ýaly agza-dile düşüp ýören adam däl.

2006-njy ýylyň tomsunda özüniň ikinji çagasyny - ogul - Rigada dogran Lola bu ýerde asly owganystanly, ýöne Latwiýada uzak wagt ýaşap, ýurduň graždanlygyny alan Gulam Gulama myhman boldy.

Kerimowa-Tillýaýewa göwrelikä ençeme aýlap, täze baýan adamlaryň keýpihonlyk üçin ýygnanýan ýeri bolan Jurmalada deňiz kenarynda bir täze jaýda boldy. Bu öý takmynan iki million ýewro Gulaminiň aýaly Walentinanyň adyna satyn alnypdyr.

2006-njy ýylyň güýzünde Kerimowa-Tillýaýewa öz maşgalasy bilen Latwiýadan gitdi. Aklawçysynyň aýtmagyna görä, "onuň Latwiýada söwda bilen ilteşikli ýeri ýok". Söwda işlerini hasaba alýan edaranyň aýtmagyna görä bolsa, onuň adamsy "Euro West Invest" atly bir kompaniýa gurupdyr, ýöne bu kompaniýa hiç haçan işlemändir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG