Sepleriň elýeterliligi

Astana: Söweşijileri hakyna tutýan iki adama ýyl kesildi


"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri.

"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri.

Gazagystanyň merkezindäki Kargandy şäheriniň sudy iki ýerli ýaşaýjyny terrorçylyk aýyplamalary bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

13-nji maýda Kargandy regionynyň Ýöriteleşn etrabara sudy Waleriý Hadikini we Kuanyş Žumagaliýewi terrorizmi ýaýratmakda, dini agzalalygy möwjetmekde we Siriýadaky “Yslam döwleti” atly söweşiji topara adamlary hakyna tutmakda günäli tapdy.

Yslam dinini kabul eden orsýetli Hadikin 8 ýyl we Žumagaliýew 5 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Gazagystanyň derňewçileri gürrüňi edilýän iki adamyň internetde “hakyky musulmanlaryň Siriýadaky jyhada” gatnaşmalydygyna çagyrýan maglumatlary çap edendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG