Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly aktiwistler neşe saklamakda aýyplanýar


Aktiwist Baýram Mammadov we Giýasaddin Ibrahim.

Aktiwist Baýram Mammadov we Giýasaddin Ibrahim.

Bakuwyň sudy Azerbaýjanyň “N!DA” atly ýaşlar hereketiniň bir agzasyny neşe saklamakda aýyplaýar.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi özüniň 12-nji maýda beren maglumatynda, polisiýanyň Baýram Mammadowyň öýünde 1,150 kilogram geroini we onuň öz üstünde 3 grama golaý geroini tapandygyny aýdýar.

Mammadow goşmaça derňewler geçirilýänçä, dört aý deslapky tussaglyga höküm edildi. Mammadow bilen bilelikde tussag edilen “N!DA” hereketiniň ýene bir agzasy Giýasaddin Ibrahim hem şuňa meňzeş aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Gürrüňi edilýän iki aktiwist hem 10-njy maýda ýitirim bolupdy. Soňra olaryň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG