Sepleriň elýeterliligi

Bagdadyň kafesine edilen hüjümde 13 adam öldi


Bagdadyň Sadr etrapçasynda 93 adamyň ölümine we 165 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan bomba hüjümlerinden soň, gahar-gazaply aglaýan zenan.

Bagdadyň Sadr etrapçasynda 93 adamyň ölümine we 165 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan bomba hüjümlerinden soň, gahar-gazaply aglaýan zenan.

13-nji maýda ýaragly adamlaryň topary Yragyň paýtagtynyň demirgazygyndaky kafä hüjüm edip, azyndan 13 adamy öldürdi we başga-da 15 sanysyny ýaralady.

Bu waka Bagdadyň 80 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Balad sebitinde, ýagny şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan sebitinde boldy.

“Yslam döwleti” atly ekstremist topar hüjümi özüniň amala aşyrandygyny öňe sürüp, onlaýn beýanat çap etdi.

Baladdaky bu waka, Bagdatda 93 adamyň ölümine we 165 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan bomba hüjümlerinden diňe sanlyja gün soň boldy.

13-nji maýdaky hüjümde agyr ýaraglar bilen ýaraglanan üç adam Baladyň kafesindäki adamlaryň köpçüligine ot açdy.

Wakanyň bolan ýerine polisiýa gelen dessine, hüjümçileriň ikisi özüni partlatdy.

XS
SM
MD
LG