Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Britaniýa gizlin emläk eýelerini açmakçy


London. Nawalnynyň sözlerine görä, hökümet başlygynyň orunbasary Şuwalowyň kwartirasy.

London. Nawalnynyň sözlerine görä, hökümet başlygynyň orunbasary Şuwalowyň kwartirasy.

Premýer-ministr Deýwid Kameronyň 12-nji maýda yglan eden täze planyna görä, ozalky Sowet Soýuzyndan bolan syýasy we biznes elitasynyň wekilleri özleriniň Britaniýada edinen gymmatbaha gozganmaýan emläkleri sebäpli has kän jemgyýetçilik derňewine sezewar bolar.

Hapa, ýagny gümürtik ýollar bilen gazanylan pullaryň ýurt içine akyp gelmeginiň, daşary ýurt kopmaniýalarynyň Britaniýada gozganmaýan emläk edinmeginiň ýa satyn almagynyň badyny gaçyrmaga gönükdirilen täze başlangyç, emläkden kimleriň bähbit görýändigini anyklamak üçin, olaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny talap edýär. Bu ofşor, ýagny daşary ýurt kompaniýalarynyň emläk eýesiniň hakyky şahsyýetini gizlin saklamak üçin ulanýan usuly bolup durýar.

Täze düzgünleriň anyk nähili durmuşa geçiriljekdigi aýdyň däl. Emma Orsýetden we ozalky Sowet Soýuzynyň beýleki ýurtlaryndan bolan baý resmileriň we biznes adamlarynyň bir topary soňky ýyllarda Londonda gymmatbaha desgalary ele geçirdi. Bu täze başlangyç ahyrynda şol baý adamlary ýaşyrynlykdan çykmaga mejbur edip biler.

Täze düzgünler esasynda Britaniýadaky gozganmaýan emläkleriniň eýeçiliginiň anyklanmagy mümkin şahslaryň we olaryň garyndaşlarynyň käbirine nazar aýlalyň:

Igor Şuwalow

Prezident Wladimir Putiniň gol astynda premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işleýän Şuwalow daşary ýurtda gozgamaýan emläginiň bardygyny açyk boýun aldy.

Ol özüniň hökmany girdeji jarnamasynda Awstriýada bir jaýy kärendesine alandygyny, Londonda 483 kwadrat-metrlik kwartirasynyň bardygyny görkezdi. Emma korrupsiýa garşy blog ýazýan Alekseý Nawalnyý geçen ýyl Şuwalowy özüniň Londondaky doly emlägini ýaşyrmakda aýyplady. Ol Britaniýanyň ýer registri boýunça dokumentini çap etdi we onda Şuwalowyň Tames derýasyna bakyp duran emläginiň bardygy belli bolýar. 2014-nji ýylda

Şuwalow bilen onuň aýalynyň kontrollygyndaky rus firmasyna geçirilen bu emlägiň satuw bahasy 11.44 million pound ($18 million) bolupdyr.
Kameronyň täze aýdyňlyk inisiatiwasy, Nawalnynyň 12-nji maýda aýdan sözlerine görä, Şuwalowy bu kwartirany öz ofşoryndan, ýagny daşary ýurt kompaniýasyndan kärendesine aldym diýmäge mejbur edip-de biler.

Alyýewler

«Panama kagyzlary» ady bilen daşarky dünýä syzan dokumentler Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gyzlary Leýla bilen Arzuwyň geçen ýyl Britaniýanyň Wirjinia adalarynda guran gizlin ofşor kompaniýasynyň hem üstüni açdy.

Bu kompaniýa, panama dokumentlerini gören neşirleriň tassyklamagyna görä, Britaniýadaky köpmillionlyk gozganmaýan emläkleri dolandyrmak üçin döredilipdir.

«Panama kagyzlarynyň» partnýorlarynyň biri bolan Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýekti (OCCRP) geçen ýyl Londonda 10,500-kwadrat-fut, 25 million dollardan gowrak bahaly, bir ada firmasynyň eýeçiliginde bolan willanyň ozal Alyýewiňki bolandygyny habar berdi. Azerbaýjanyň prezidenti we onuň aýaly 2010-njy ýylda bu firmadaky paýlaryny öz gyzlary Leýla geçirdiler diýip, habarda aýdylýar.

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýekti Alyýew maşgalasyny londondaky başga köpmillionlyk emläkler bilen hem baglanyşdyrýar, elbetde, resmi taýdan olaram ofşor firmalarynda hasaba alnan.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG