Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Minskä sapary “tutuk geçdi”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko. Minsk. 11-nji maý, 2015 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko. Minsk. 11-nji maý, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidentiniň Belarusa edýän iki günlük resmi sapary tamamlandy. Bu saparyň dowamynda ýokary derejeli resmileriň duşuşyklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasynyň täze binasy hem açyldy.

Eýse, türkmen prezidentiniň Belarusyň paýtagtyna eden sapary şäheriň durmuşyna nähili täsir ýetirdi? Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň Minskidäki habarçysy Igor Ilýaş türkmen prezidentiniň saparyny içginden yzarlap, onuň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Igor, Türkmenistanyň prezidentiniň sapary Minskiniň durmuşyna nähili täsir ýetirdi?

I.Ilýaş: Metrolar, köçeler petiklendi. Ýeňiş meýdançasyna gül desselerini goýmak çäresiniň dowamynda bu ýere çykýan metro geçelgeleriniň ählisi ýapyldy, köçeler petiklendi. Hawa, adatdan daşary howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigini synlasa bolýardy.

Emma bu Belarus üçin eýýäm adaty bir zada öwrüldi. Haçan-da bu ýurda daşary ýurt liderleri gelende, olary uly şowhun-dabara bilen garşylamak, göz üçin şagalaňlary gurnamak, howpsuzlyk çärelerini gereginden artykmaç güýçlendirmek kadaly zada öwrüldi.

Bu ýagdaý sebäpli, elbetde, Minskiniň adaty ýaşaýjylary kösenýärler. Emma bu ýerde belläp geçmeli bir ýagdaý bar, belaruslylaryň köpüsi Berdimuhamedowyň kimdigini bilmeýärler. Ýaşaýjylarda Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda näme sebäpden bu kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary barada belli bir soraglar hem döredi.

Minsk: Berdimuhamedow üçin howpsuzlyk
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:52 0:00

Azatlyk Radiosy: Igor, Türkmenistanda prezidentiň baran tas ähli ýerine diýen ýaly tansçylar, sazandalar getirilýär, uly şowhun-dabaralar gurnalýar. Görnüşine görä, Minskide hem Berdimuhamedowyň öňünde şular ýaly şowhun gurnalypdyr. Bu Belarus üçin näderejede kadaly? Şeýle-de bu ýagdaý sizde nähili täsir galdyrdy?

I.Ilýaş: Ýaňky aýdanym-da, belarus hökümeti üçin bular ýaly kaşaň çäreleri geçirmek eýýäm adaty we kadaly bir zada öwrüldi. Häkimiýet daşary ýurt liderleri gelende hökman gözçykgynçlyk bile çäreleri geçirmelidir diýip oýlaýar. Aýdym-saz toparlary, halylar... garaz, bularyň hemmesi eýýäm adaty bir zat.

Türkmenistanda we Belarusda şeýle ýagdaýlaryň bolmagy, bu ýurtlardaky awtoritar dolandyryş bilen baglymyka diýýärin. Olar halkara gatnaşyklaryny we iki ýurduň liderleriniň duşuşygyny hut şeýle göz öňüne getirýän bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Igor, türkmen prezidentiniň sapary bilen bagly gözüňize ilen başga-da zatlar boldumy?

I.Ilýaş: Ýok. Belarus üçin adaty bolmadyk, kadadançykma hiç bir zat gözüme ilmedi.

Emma prezident [Aleksandr] Lukaşenkonyň “Men Aşgabatda köp gezek saparda boldum. Biz Türkmenistanyň iň gowy tejribelerini ornaşdyryp başladyk” diýmegi, ýerli demokratiki jemgyýetçiligiň arasynda juda gülki bilen garşylandy.

Belarus, adatça, Türkmenistana görä has demokratik döwlet hasaplanýar. Lukaşenkonyň häzir “Türkmenistanyň iň gowy tejribelerini ornaşdyryp başladyk” diýmegi, diýseň gülküli boldy.

Ýöne, umuman alnanda, bu sapar juda tutuk geçdi.

XS
SM
MD
LG