Sepleriň elýeterliligi

Mary: Ulaglaryň bahasy ep-esli gymmatlady


Türkmenistanyň awtoulag satýan bazarlarynyň biri.

Türkmenistanyň awtoulag satýan bazarlarynyň biri.

Şu ýylyň birinji maýynda Türkmenistana getirilmek rugsat edilen ähli maşynlara salynýan gümrük pajy kesgitlendi we mundan soň ýurtda maşynlaryň bahasy ep-esli gymmatlady. Bu ýagdaý hem maşyn söwdasyna ýaramaz täsir ýetirdi.

Salgyt gullugy tarapyndan ýaýradylan täze düzgünde öndürilenine bäş ýyl ýa ondan köp bolan maşynlaryň ýurda getirilmegi doly gadagan edilýär we öndürilenine bäş ýyldan az bolan maşynlar üçin hem dürli möçberlerde agyr salgytlar göz öňünde tutulýar.

Meselem, şol düzgüne görä, öndürilenine 4 ýyl bolan maşyn ýurda getirlende oňa gümrük bahasynyň 50%-i, ýasy 3 ýyl bolan maşyna bahasynyň 40%-i we öndürilenine iki ýyl dolan maşyna bolsa gümrük bahasynyň 25%-i möçberinde salgyt salynmagy göz öňünde tutulýär.

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna iberilen görkezmäniň nusgasy.

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna iberilen görkezmäniň nusgasy.

Bu ýagdaý bolsa ýaňy-ýakyna çenli-de iň ýörgünli söwdalardan biri diýlip hasaplanan maşyn söwdasyny girdeji getirmeýän ugurlaryň birine öwürýär. Şeýlelikde köp ýyldan bäri maşyn söwdasy bilen meşgullanýan ençeme telekeçiler soňky döwürde bu biznesden el çekip başladylar.

Täze düzgün kimiň bähbidine?

“Men öň maşyn söwdasyny edýärdim, ýöne indi men bu käri goýdum, sebäbi mundan diňe zyýan çekip başladym. Soň ýene gowy günler gelende, başlaryn nesip etse” diýip, özüni Merdan diýip tanadan ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Maryly 40 ýaşlaryndaky Merdan ýöne söwdagär däl, ol soňky 10 ýyldan bäri diňe maşyn söwdasy bilen meşgullanýar. Mary bolsa ulanylan maşyn bazarynyň uly söwda merkezi diýlip hasaplanýar. Ulanylan maşynlar tutuş ýurda bu ýerden ýaýraýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Merdan ýaly söwdagärler agzalýan çäräniň girizilmegine nämäniň sebäp bolandygyna we onuň kimiň ýa kimleriň bähbidine hyzmat edýändigine düşünmeýärler, emma bu ýagdaý ulanylan maşynlara bolan talaby hem azaldýar.

“Men getiren maşynlarymy satyp bilemok, sebäbi bularyň öňki bahasyndan has gymmat bolanlygy sebäpli halk indi gymmat bahadan alasy gelmeýär. Ýogsamam özüm gowy ylalaşyk etjek bolýaryn” diýip, maşyn söwdasy bilen meşgullanýan 45 ýaşlaryndaky beýleki bir ildeşimiz Ýazgeldi aýdýar.

Maşyn söwdasy

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Ýazgeldiniň aýtmagyna görä, maşyn söwdasyny dyza çökeren ýagdaý diňe salgyt pajynyň galdyrylmagy däl, ýurduň içinde ýiti duýlup başlanan nagt pul kemçiligi hem oňa ýaramaz täsirini ýetirýär.

“Maşyn söwdasy hem beýleki söwdalar ýaly nagt pula edilse gowy, ýöne soňky ýyllaryň içinde men hiç hili nagt söwda etdim diýen telekeçi göremok” diýip, Ýazgeldi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdýar.

Maşynlar daşary ýurtlardan getirileni üçin onuň söwdasy ýurduň içinde-de, daşynda-da diňe dollar bilen hasaplaşylýar. Türkmenistanda häzirki döwürde banklar dollar satmaýar, dollary gara bazardan almaga synanyşanlar üçin hem agyr jezalar göz öňünde tutulýar.

Bu ýagdaýlar bileleşip, maşyn söwdasynyň haýýallamagyna getirýär. Şeýlelikde Merdan ýaly Ýazgeldi hem maşyn bazaryndaky söwdasyny goýbolsun etmekçi. Onuň aýtmagyna görä, bu söwda az pul bilen bolmaýar, netijede ol bu söwdany dowam etdirmäge hiç hili esas galmady diýýär.

1-nji maýda girizilen täze düzgünden bäri çykarylan senesi bäş ýyldan geçmedik maşynlaryň bahasy, umuman aýdylanda, 3-5 müň dollar aralygynda gymmatlady.

Meselem, Türkmenistanda iň ýörgünli diýlip hasaplanýan we 2013-2014-nji ýyllarda öndürilen ”Toýota Crolla” kysymly maşynlaryň öňki bahasy 12-13,000 dollar bolandan, onuň häzirki bahasy 17-18,000 dollara bardy. Bu ýagdaýa beýleki maşynlaryň mysalynda hem göz ýetirse bolýar.

Türkmenistanda ortaça aýlyk bolsa 300-400 dollar aralygynda diýlip hasaplanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG