Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek KNB-si üç syýasatçyny tussag etdi


 Bekbolot Talgarbekow, parlamentiň «Üç adam» hereketiniň lideri
Bekbolot Talgarbekow, parlamentiň «Üç adam» hereketiniň lideri

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary üç syýasatçyny, şol sanda ozalky ministri döwlet agdarylyşygyny planlaşdyrmak aýyplamasy bilen tussag edendiklerini aýtdylar.

Parlamentdäki «Üç adam» hereketiniň agzalary 12-nji maý güni giçlik, Bişkekde tussag edildi diýip, Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk komitetiniň sözçüsi aýtdy.

"Olar häkimiýeti güýç bilen ele geçirmäge we ýurtdaky syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga taýýarlanmakda aýyplanýar» diýip, ol AFP habar gullugyna aýtdy.

Tussag edilenler parlamentiň «Üç adam» hereketiniň lideri - ozalky oba hojalyk ministri Bekbolot Talgarbekow, ozalky sudýa Marat Sultanow we ozal prezidentlige dalaş eden syýasatçy Torobaý Kolubaýew.

Bu topar şu aý Bişkegiň merkezimeýdançasynda, 2005-nji we 2010-njy ýyllarda bolan iki gozgalaňyň möwjän ýerinde ýygnanyşyk geçirip, prezident Almazbek Atambaýewiň 17-nji maýdan öň wezipesinden çekilmegini talap etmegi planlaşdyrdy.

Mart aýynda başga-başga oppozisiýa toparlaryndan bolan üç syýasatçy - Bektur Asanow, Kubanyçbek Kadyrow we Ernest Karybekow dagy hem döwlet agdarylyşygy aýyplamasynda tutulypdy. Olar häzir sud seljerişligine garaşýar.

Bu üçlük birnäçe mesele boýunça geçirilen protestlere, şol sanda goňşy Özbegistan bilen dawaly döwlet serhedi meselesi boýunça alnyp barylýan hökümet syýasatyna garşyguralan demonstrasiýalara dahylly bolup durýar.

Gyrgyzystanda 1991-nji ýylda gazanylan garaşsyzlykdan bäri iki hökümet agdaryldy.

XS
SM
MD
LG