Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar jeňçi topar bilen ylalaşýar


Gulbeddin Hikmetýar, 2001.
Gulbeddin Hikmetýar, 2001.

Owganystanyň parahatçylyk baradaky ýokary geňeşi «Hezb-e Islami» jeňçi topary bilen parahatçylyk ylalaşygynyň esasy nokatlary barada bir pikire gelendigini aýdýar.

Prezident tarapyndan bellenilen Parahatçylyk geňeşi jeňçi toparlar bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagyň ugur-ýollarynygözleýär we häzir gazanylandygy aýdylýan ylalaşygyň 15-nji maýda yglan edilmegine garaşylýar.

Bu ylalaşykýurduň 15 ýyllyk pitneçiligini soňlamak babatda dile çolarlyk işi bolmadyk owgan prezidenti Aşraf Gani üçin böwsüş bolar.

Jeňçi toparyň lideri Gulbeddin Hikmetýar Owganystandaky berk liniýaly jeňçileriň arasynda iň bir radikal şahslaryň biri hasaplanylýar.

Owgan hökümeti 17-nji martda Hikmetýaryň iberen delegasiýasy bilen gepleşik-maslahatyny açdy.

Bu topar 2001-nji ýylda Owganystana goşun salnaly bäri, amerikan we owgan güýçleriniň garşysyna ganly hüjümleri amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG