Sepleriň elýeterliligi

Hizbulla Siriýadaky jyhadçylary aýyplaýar


Hizbulla agzalary

Hizbulla agzalary

Hizbulla Siriýadaky jyhadçylary öz ýokary derejeli komandirleriniň birini öldürmekde aýyplady.

Liwanyň şaýy jeňçi toparynyň maglumatyna görä, Mustafa Badreddine 13-nji maýda, Damask aerortynyň ýanynda öldürildi.

14-nji maýdaky beýanatda toparyň öz derňewiniň Badreddine takfiri toparlary tarapyndan atylan toplar netijesinde öldürildi diýen netijä gelendigi aýdylýar.

"Takfiri" diýip olar «Yslam döwleti», «Al-Kaýda» ýaly berk liniýaly sünni ekstremist toparlaryny nazarda tutýar.

Beýrutda ýerleşýän we bu topara ýakyn durýan «Al-Maýadin» TW-si ilki Badreddine Ysraýylyň howa zarbalary esasynda öldi diýen habary ýaýradypdy.

XS
SM
MD
LG