Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ukraina karz kepilliginde öňe süýşer


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen görüşýär, Waşington, 31-nji mart, 2016.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen görüşýär, Waşington, 31-nji mart, 2016.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen telefonda gürleşip, Birleşen Ştatlaryň Ukraina korrupsiýa garşy reformalara goldaw üçin üçünji tapgyr karz kepilligini bermek ylalaşygynda öňe süýşjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar noýabrdaüçünji $1 milliard dollar karz kepilligini bermegi wada berdi, emma munuň üçin Ukrainada ykdysady reformalaryň geçirilmegini, korrupsiýa garşy göreşilmegini şert edip goýdy.

Ak tam 13-nji maýda Baýdeniň Poroşenko bilen telefonda gürleşendigini, ony, Ukraina täze baş prokuror bellemek bilen,zerur bolan reformanyň ilkinji möhüm ädimlerini ätmekde gutlandygyny aýtdy.

Şeýle-de Baýden Ukrainanyň täze premýer-ministri Wolodimir Groýsman bilen gürleşdi diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

HWF hem golaýda Ukraina $17.5 milliard karz programmasynda öňe süýşmeginiň ahmalydygyny yşarat etdi, bu programma Kiýewdäki krizis mahalynda togtadylypdy.

XS
SM
MD
LG