Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda üç polisiýa işgäri öldürildi


 Helmand welaýaty

Helmand welaýaty

Günorta Owganystanda bir janyndan geçen bombaçynyň polisiýa tälim bazasynyň ýanynda maşynyny partlatmagy netijesinde azyndan üç polisiýa işgäri öldürildi.

Helmand welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Omar Zwak 14-nji maýdaky partlamada 10 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Zwak hüjümçiniň Nad Aly etrabyndaky polisiýa tälim merkezini nyşana alandygyny hem sözüne goşdy.

«Talybanyň» sözçüsi Kary Ýusuf Ahmadi bu hüjümiň jogapkärçiligini boýun aldy.

XS
SM
MD
LG