Sepleriň elýeterliligi

RBK media toparynyň üç redaktory işden çekildi


RBK-niň ofisi. Moskwa

RBK-niň ofisi. Moskwa

Orsýetiň RBK media toparynyň üç sany baş redaktory işden çekildi. Bu topara milliarder biznesmen Mihail Prohorow eýeçilik edýär.

RBK-niň baş direktory Nikolaý Molibog 13-nji maýda media toparynyň umumy baş redaktory Ýelizaweta Osetinskaýanyň, RBK gazetiniň baş redaktory Maksim Soliusyň, RBK habar gullugynyň redaktory Roman Badaniniň işden çekilendigini aýtdy.

Olar kompaniýanyň gelejegi babatda umumy bir pikir-garaýyş ýoklugy üçin işden çekilipdir.

Bu täzelik Moskwa polisiýasynyň RBK toparynda, hamala galplyga ýol berlendigi üçin, derňewe başlandygy barada çykan habaryň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG