Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Gonamçylyk darkaşynda 2 adam öldi


Kowanskoe gonamçylygy

Kowanskoe gonamçylygy

Rus mediasy 14-nji maýda Moskwanyň iň uly gonamçylygynda bolan köpçülikleýin darkaşda iki adamyň ölendigini ýazýar.

Kowanskoe gonamçylygyndaky darkaşa 200-e çenli adam gatnaşdy.
"Ýaralanan 10 adamdan ikisi öldi» diýip, polisiýanyň sözçüsi Sofýa Kotina Interfaks habar gullugyna aýtdy.

RIA nowosti habar gullugy bu ýumruklaşma gatnaşan käbir adamlaryň ok atýan ýaraglary ulanandygyny aýtdy.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi 50-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy diýip, Interfaks ýazdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, polisiýa ofiserleri mähelläni dargytmak üçin howa ok atypdyr.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň etniki toparlary gonamçylygyň düşewüntli biznes hyzmatlarynyň üstünde urşupdyr.

XS
SM
MD
LG