Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýewrowideniýe" bäsleşiginde Ukraina utdy


Jamala "Ýewrowideniýe" ýeňşini belleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Jamala "Ýewrowideniýe" ýeňşini belleýär

Ukrainaly Jamala «Ýewrowideniýe» aýdym ýaryşynyň – Ýewropanyň iň uly telewizion çäresiniň 61-nji bäsleşiginde ýeňiji boldy.

Krymly tatar, 32 ýaşyndaky Jamala 15-nji maý güni irden, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda bolan uly jemlemede sudýalardan we tutuş Ýewropa boýunça ses beren teletomaşaçylardan 534 utuk alanyndan soň, ýeňiji diýlip jar edildi.

Onuň ýürek gyýyjy aýdymy «1944» diýlip atlandyrylýar we sowet diktatory Iosif Staliniň buýrugy esasynda 1944-nji ýylda tutuş bir halkyň ata-baba ýurdundan Merkezi Aziýa köpçülikleýin deportasiýa edilişini ýatladýar.

Awstraliýaly Dami Im 511 utuk alyp, ikinji bolsa, orsýetli Sergeý Lazerew, bäsleşigiň örän halanan aýdymçysy 491 utuk alyp, üçünji orny aldy.

Ses berişlikden soň Stokgolmyň finala çykan 26 aýdymçy «Globe» arenasynda aýdym aýtdy.

Bu tomaşa, hasaplamalara görä, Ýewropada, Hytaýda, Awstraliýada, Nýu Zelandiýada we Birleşen Ştatlarda 200 million tomaşaça ýetirildi.

Jamala öz baýragyny uly tolgunma bilen kabul edip, Ýewropa goldaw sesi üçin sagbol aýtdy we «her bir adama parahatçylyk we söýgi isleýändigini» jar etdi.

"Eger sen hakykaty aýtsaň, ol adamlaryň ýüregine hakykatdanam ýetip bilýär» diýip, ol soň žurnalistlere gürrüň berdi.

Jamala: "Şindleriň sanawy" filminden ylham aldym
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Jamala, hakyky ady Susana Jamaladinowa, Oşda, Gyrgyzystanda doglan. Ol ýaryşda aýdan aýdymyny çärýek milliondan gowrak tatar bilen bilelikde ýaşap oturan ýurduny terk etmäge mejbur bolan garry enesine bagyşlady.

Onuň "1944" aýdymy, syýasy äheňleri sebäpli, ýaryşyň taryhyndaky iň bir gapma-garşylykly ýeňijileriň biri boldy.

Guramaçylar onuň aýdymynyň Ýewrowideniýäniň mazmunynda «syýasy ýa-da şoňa meňzeş häsiýetli aýdymlar, sözler we hereketler» bolan çykyşlary gadagan edýän düzgünlerini bozmaýandygyny aýtdylar.

"Men olaryň ruhlaryny şat etmelidim, sebäbi olar hiç wagt yzlaryna, Ukraina dolanyp bilmediler» diýip, Jamala aýtdy.

Krym tatar aýdymçysy parahatçylyga çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00

Onuň aýdymy iňlis dilinde, krym tatar dilindäki gaýtalanmalar bilen ýerine ýetirildi.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Jamalanyň «ynanyp bolmajak ussatlygyna we ýeňşine» uly baha berdi.

"Tutuş Ukraina saňa ýürekden sagbol aýdýar, Jamala» diýip, ol twitterde ýazdy.

"Ukraina şöhrat!" diýip, premýer-ministr Wolodimir Groýsman aýtdy.

Jamalanyň ýeňşi Orsýetde gaharly reaksiýa döretdi. Rus resmileriniň birnäçesi Ýewrowideniýe bäsleşigini gurnaýjylary syýasy tarapgöýlükde we Ukraina gol ýapmakda aýyplady.

" Ýewrowideniýe 2016-da ýeňiş gazanan ukrainaly aýdymçy Jamala we onuň «1944» aýdymy däl, bu ýerde syýasat sungaty ýeňdi" diýip, rus senatory Frants Klintsewiç rus žurnalistlerine aýtdy.

Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Konstantin Koçaçew bolsa, «dereje berişlikden çen tutulsa, üstün çykan geosyýasat boldy» diýdi.

Bu Ukraina üçin ikinji ýeňiş bolýar, Kiýew bu bäsleşikde birinji gezek 2004-nji ýylda utupdy.

Bu ýeňiş Ukrainanyň «Ýewrowideniýe» aýdym bäsleşigini indiki ýyl özünde geçirmegine hukuk gazanmagyny, ýagny onuň beýemçisi bolmagyny aňladýar.

1944-nji ýylyň maýynda 250 müňden gowrak krym tatary otly wagonlaryna ýüklenip, Merkezi Aziýa iberildi.

Olaryň arasynda onlarça müň adam ýolda öldi, müňlerçe adam bolsa iberilen ýerlerine gelenlerinden gysga wagt soň, açlykdan we keselçilikden gyryldy.

Krym tatarlaryna 1980-nji ýyllara çenli yzlaryna dolanmaga rugsat berilmedi, emma olaryň köpüsi 1990-njy ýyllardan soň, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, yzlaryna geldi.

Orsýet 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bikanun anneksiýa etdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG