Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa gonamçylygynda 3 adam öldürildi


Kowanskoýe gonamçylygy
Kowanskoýe gonamçylygy

Moskwanyň iň uly gonamçylygynda bolan darkaşda üç adam öldürildi.

Rus gazetleri 14-nji maýda Kowanskoe gonamçylygynda bolan darkaşa 200 çemesi adamyň gatnaşandygyny, olaryň tüpeň, metal çybyklary we beýleki ýaraglar bilen ýaraglanandygyny habar berdi.

Azyndan 26 adam hassahana ýerleşdirildi, olaryň dördüsi agyr ýagdaýda. Pitnä garşy polisiýa ara goşulyp, darkaşa gatnaşan 90-dan gowrak adamy tussag etdi.

Metbugatda öňki sowet Merkezi Aziýasyna we Kawkaza degişli etniki toparlaryň gonamçylygyň düşewüntli hyzmat biznesi üstüne urşandyklary habar berildi.

Gonamçylyk resmisi Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitiniň Çeçenistan we Dagystan regionlarynyň adamlarynyň ol ýerde işleýän özbegistanly we täjigistanly migrant işçilere, işlerini ellerinden almak üçin, hüjüm edendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG