Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bahaýi liderleriniň boşadylmagyna çagyrýar


Şahriýar Sirus, Eýranda tussag edilen bahaýi ýazyjysy.
Şahriýar Sirus, Eýranda tussag edilen bahaýi ýazyjysy.

Birleşen Ştatlar Eýrany, beýleki wyjdan ýesirleri bilen bilelikde, tussag edilen bahaýi liderlerini haýal etmän azatlyga çykarmaga çagyrdy.

Eýranyň Bahaýi jemgyýetçiliginiň ýedi lideri sekiz ýyl ozal tussag edilip, içalyçylykda we Eýran hökümetiniň garşysyna propaganda ýaýratmakda günäli tapyldy.

Olar 20 ýyl tussaglyga höküm edildi. Soň olaryň tussaglygy 10 ýyla getirildi.

“Biz halkara jemgyýetçiliginiň olaryň tussaglykda saklanylmagyny ýazgarmasyna goşulýarys we Eýran Yslam respublikasyny, Eýrandaky beýleki wyjdan ýesirleri bilen bilelikde, olary derhal azat etmäge çagyrýarys» diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbiniň 14-nji maýda, ýedi bahaýi lideriniň tussag edilmeginiň ýyl dönümine gabat çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Bahaýiler Eýranda döwlet ýanamasyna sezewar bolýar, olaryň dini resmi taýdan ykrar edilmeýär.

XS
SM
MD
LG