Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen bombaçylar 5 esgeri öldürdi


Yrak esgerleri, Anbar welaýaty
Yrak esgerleri, Anbar welaýaty

Birnäçe janyndan geçen bombaçy Yragyň Anbar welaýatynda, Amiriýat Falluja şäherinde hökümet toplumyna hüjüm edip, azyndan bäş esgeri öldürdi.

Şäheriň polisiýa başlygy Aly al-Issawi janyndan geçen bombaçylaryň hökümet toplumynda 14-nji maýda, daňdan girendigini aýtdy. Al-Issawi hüjümçileriň käbiriniň howpsuzlyk işgärleri bilen çaknyşyk mahalynda özlerini partladandyklaryny, beýlekileriniň binanyň içinde gabalyp, şol ýerde öldürilendigini aýtdy.

Ol hökümetiň bäş esgeriniň öldürilendigini, ondan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG