Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Kerri Saud Arabystanyna bardy


 Jon Kerri, ABŞ-nyň döwlet sekretary
Jon Kerri, ABŞ-nyň döwlet sekretary

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Liwiýadaky, Siriýadaky we Ýemendäki konfliktleri soňlamagy maksat edinýän bir hepdelik diplomatiýa saparynyň birinji duralgasynda Saud Arabystanyna bardy.

Kerri Jedda şäherinde Saud Arabystanynyň patyşasy Salman, täç geýdirilen şazada, täç geýdirilen şazadanyň orunbasary we daşary işler ministri bilen duşuşýar.

Ol 15-nji maýda giçlik Wena ugrar we Italiýanyň daşary işler ministri Paolo Gentilona bilen Liwiýa gepleşiklerine, soň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýa gepleşiklerine beýemçilik eder.

Ol soňra NATO-nyň daşary işler ministrleri bilen duşuşmak üçin Brýussele sapar eder we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Wetnamda duşuşmak üçin Aziýa uçar.

XS
SM
MD
LG