Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda iki ofiser, 4 jeňçi öldürildi


 Dagystanyň paýtagty Mahaçgala

Dagystanyň paýtagty Mahaçgala

Orsýetiň Dagystan respublikasynyň polisiýasy 14-nji maýda pitneçiler bilen çaknyşykda iki sany polisiýa ofiseriniň, dört jeňçiniň öldürilendigini aýdýar.

Polisiýanyň sözçüsi Fatina Ubaidatowanyň aýtmagyna görä, çaknyşyklar Derbent şäherinde, polisiýa kwartira jaýlaryny barlaýan mahaly ýaragly erkekleriň üstünden gelende başlanypdyr.

Ol jeňçileriň polisiýa grant zyňyp, ýaralanan ofiseri zamun alandyklaryny aýtdy. Şondan soň polisiýa, zamun alnan ofiseriň ýarasyndan ölendigini anyklap, kwartira zabt edipdir.

"Interfaks" habar gullugy bu çaknyşykda azyndan dört jeňçiniň öldürilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG