Sepleriň elýeterliligi

Magtymguly hem onuň neşirleri


Türkmenistanyň döwlet neşirýaty tarapyndan Magtymgulynyň 1957-nji ýylda çykan neşiri.

Türkmenistanyň döwlet neşirýaty tarapyndan Magtymgulynyň 1957-nji ýylda çykan neşiri.

Magtymgulynyň şu ýylky şygryýet baýramçylygy onuň kitaplarynyň çykyp başlamagynyň 90 ýyllygyna gabat gelýär.

Kämillik

Magtymguly halkyň ruhy dünýäsiniň aýnasy boldy. Halk onuň eserlerinde özüniň beýik taraplaryny, ýetmezini hem kemçiliklerini görüp geldi. Onuň eserlerinden, durmuşdaky çözmesi kyn sowallara jogap agtardy.

Biz köplenç öz ruhy ahwalatymyzy hem bize nämeleriň duçar bolup biljegini şahyryň eserlerinden bilýäs. Biziň gelen netijelerimiz hem pikirimiz şahyryň sözüne laýyk gelse, dogry ýol tutýandygymyza düşünýäs.

Magtymgulynyň iki tomluk kitaby.

Magtymgulynyň iki tomluk kitaby.

Şahyryň ýaşan döwründen bäri jemgyýet köp özgerdi. Şeýle-de bolsa, onuň sözi könelmän gelýär. Sebäbi ol adamyň ruhy dünýäsini hem ynsanda jemlenen gylyk-häsiýetleri yzarlaýar. Adam, megerem, özüni kämilleşdirerden ejiz bolsa gerek. Ondaky mertlik hem gorkaklyk, jomartlyk hem bahyllyk, beýiklik hem peslik dowam edip gelýär. Namartlar şol döwürde-de bolupdyr, häzirem bar. Nebis belasy-da şeýle.

Magtymgulynyň kitabynyň Fransiýada çykan neşiri.

Magtymgulynyň kitabynyň Fransiýada çykan neşiri.

Şahyryň dogry sözi bize olary has aýdyň görmäge ýardam edýär. Ol her setirinde üýtgeşik pikir aýdyp barýar. Halk arasynda: “Magtymguly ähli zady bilenmiş” diýen düşünje bar. Şonuň üçin ol halk aňynda ýaşaýar.

Neşirler

Magtymguly dilden-dile geçip geldi. Ony bagşylar hem aýdyjylar halk arasynda ýaşatdylar. Geçen asyrda onuň kitaplary ýurduň öz içinde-de çykyp başlady.

1926-njy ýyldan bäri şahyryň eserleri 15 gezek çap bolupdyr. Olar arap, latyn hem kril hatlarynda, dürli ululykda bolup, jübüde göterer ýaly kiçijik neşirlerden başlap, 3 tomluga çenli baryp ýetdi.

1926-njy ýylda Magtymgulynyň B. Kerbabaýew tarapyndan çykarylan ilkinji neşiriniň baş sahypasy.

1926-njy ýylda Magtymgulynyň B. Kerbabaýew tarapyndan çykarylan ilkinji neşiriniň baş sahypasy.

Göräýmäge, neşirler az däl. Ýöne başga bir geň ýagdaý bar. Günbatarda kitaba hormat goýýan adamlaryň öýünde, köne kitaplar saklanýar. W. Şekspiriň, A. Danteniň, I. Getäniň we beýleki beýik şahyrlaryň kitaplary nesilden nesle geçip gelipdir. Magtymgulynyň kitaplary babatynda beýle diýip bolmaýar. Ýogsa şahyryň sözi mukaddes saýylansoň, onuň kitabyny çem gelen ýere taşlajak adam ýok. Şeýle-de bolsa: ,,Ine, meniň garry atamyň okan Magtymgulusy” diýip, köne kitaba guwanyp ýörene duşmak kyn.

Biz Magtymgulyny her gezek täzeden satyn alýarys. Sebäbi onuň bir neşiri beýleki neşirine meňzänok. Täze neşire öň okalmadyk goşgular girizilendir ýa-da öň çykan goşgy täze redaksiýa bilen berlendir. Şol täzelige eýerjek bolup, şahyryň soňky kitabyny edinýäs.

Gynansak-da, şol neşirleriň hiç biri kämil bolmady. “...olar talapkär okyjylaryň islegini doly suratda kanagatlandyryp bilmedi” diýlip, 1992-nji ýylda çykan üç tomluk neşiriň sözbaşynda aýdylýar. Geçen 90 ýylda şahyryň akademiki ýa-da tankydy neşirini taýýarlamak başa barmady.

Döwür hem şahyr

Magtymgulynyň eserleri döwrüň syýasy çäreleri bilen göreşip geldi. Kommunistler zamanynda ony ateist – hudaýsyz şahyra öwürjek boldular. Goşgy içinde duş gelýän Hudaýa, pygambere degişli sözler üýtgedildi. Soňky ýyllarda ony açykdan-açyk S. Nyýazowyň syýasatyna gabat getirmek islediler.

Magtymgulynyň Astrahanda çapdan çykan kitaby.

Magtymgulynyň Astrahanda çapdan çykan kitaby.

Magtymgulyny özgertjek bolmak synanyşygy irräkden başlanan bolsa gerek. Sebäbi onuň adyna berlen dini goşgy köp. Sowetler ýyllarynda ol has hem bulaşdy. Şol bulaşyklyk 2012-nji ýylda çykan soňky neşirde-de dowam edýär.

Neşiri taýýarlaýjylar köplenç syýasy talaba gulluk edip geldiler. Eger Magtymguly aşa beýik bolmasa, ol täsirleriň arasynda ýitip giderdi.

Alymlaryň aýtmagyna görä, 250-300 çemesi şahyryň hut özüniňki diýdirýän, saýlama goşgular bar. Olar beýlekilerden düýpli tapawutlanýar. Olary okanyňda aýdylýan pikirler, nakyla öwrülen sözler, biziň garrylardan eşidenlerimiz ýadyňa düşüp barýar. Ol eserler bizi oýlandyryp bilýär. Beýleki bir goşguda bolsa: “Şuny Magtymguly aýtdymyka?” diýip, böwrüňi diňleýärsiň.

Bir wesýet

Şygryýet baýramynda şahyryň iň bolmanda bir wesýetini ýatlamak gerek. Ol bize agyr günlerde-de, dok wagtyňda-da sabyrly bolmagy ündeýär. Halal gazanjyň, dogry ýöremegiň gowulyga alyp barýandygyny aýdýar.

Ynsany mydama şükürli hem kanagatly bolmaga çagyrýar.

Magtymguly, bu günüňe şükr eýle,

Allanyň gudratyn görüp, pikr eýle.

Ryzk üçin gam iýme, Haka zikr eýle,

Ezelde ýazylan senden daş bolmaz.

Şahyryň aýdanlary her bir sada ynsanyň ýüreginde ýaşaýan bolsa gerek.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG