Sepleriň elýeterliligi

Kabul: On müňlerçe hazara protest geçirýär


Kabulyň paýtagtyndaky protestleri guramalaşdyran hazara jemgyýetiniň agzalary 15-nji maýda maslahat geçirdiler.

Kabulyň paýtagtyndaky protestleri guramalaşdyran hazara jemgyýetiniň agzalary 15-nji maýda maslahat geçirdiler.

Owganystanyň paýtagty Kabulda şaýy hazara azlygyndan on müňlerçe adam millionlarça dollarlyk elektrik energiýa proýektine garşy protest geçirýär.

Owgan polisiýasy protestçileriň prezidentiň köşgüniň golaýyna gelmeginiň öňüni almak üçin Kabulyň merkezine gidýän ýoly böwetledi.

Hazara azlygynyň liderleri Türkmenistandan Kabula 500 kilowat elektrik energiýany akdyrmagy planlaşdyrýan proýektiň, ilatynyň aglabasy hazaralardan ybarat Bamiýan welaýatyndan geçirilmegini talap edýärler.

Gürrüňi edilýän elektrik liniýasyny ilkibada Owganystanyň merkezindäki Bamiýan welaýatyndan geçirmek planlaşdyrylýardy. Emma owgan hökümeti Kabulyň demirgazygyndaky Salang ugrunyň has golaýdygyny we munuň proýektiň çalt amala aşmagyna hem-de millionlarça amerikan dollaryny tygşytlamaga ýardam berjekdigini aýdyp, proýektiň geçjek ugruny üýtgetdi.

XS
SM
MD
LG