Sepleriň elýeterliligi

Tramp: Kameronyň sözleri gatnaşyklara täsir ýetirer


Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp (Donald Trump).

Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp (Donald Trump).

Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp (Donald Trump) eger prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazansa, onda britan premýer-ministri Dawid Kameron (David Cameron) tarapyndan özi barada aýdylan tankydy sözleriň iki lideriň gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.

Geçen ýyl Kameron Trampyň musulmanlaryň Birleşen Ştatlaryna girmegini wagtlaýyn gadagan etmek barada eden çagyryşyny “bölüji, akmak we ýalňyş” diýip häsiýetlendiripdi.

Geçen aý Kameron bu beýanatyny yza çekmegi ret etdi, emma ol Trampyň Respublikan partiýasynyň başlangyç prosesinde iň ýokary derejä gelmegi başarany üçin hormata mynasypdygyny aýdypdy.

“Biziň gowy gatnaşyklarymyz bolmajak ýaly bolup görünýär. Men onuň bilen gowy gatnaşykda bolmagy umyt edýän, ýöne ol [radikal yslamçy] problemasyny çözmek islemeýäne meňzeýär” diýip, Tramp 16-njy maýda “ITV” telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG