Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar bu ýyl haja gitmez


Protest geçirýän eýranlylar.
Protest geçirýän eýranlylar.

Saud Arabystanynyň bildirmegine görä, eýranlylaryň haç zyýaratyndan mahrum edilmeginiň bar jogapkärçiligi Tähranyň boýnunadyr.

Eýran bu ýyl öz raýatlarynyň haç zyýaraty üçin Saud Arabystanyna gitmejekdigini mälim etdi.

Habarçylaryň ýazmagyna görä, geçen ýylky haç zyýaratynda 2426 adamyň heläk bolan pajygasyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barha dartgynlaşmagyny dowam edýär.

Saud Arabystany, Eýranyň bu kararyny berk ýazgaryp, Tähranyň bu tutumyna syýasy maksatly diýip baha berdi.

Eýran geçen sentýabr aýynda Minada bolan pajygaly basa-baslygyň Saud Arabystanynyň hökümetiniň "geleňsizligi" sebäpli bolandygyny we şol pajygada 464 eýranlynyň heläk bolandygyny aýdýar.

Eýranyň medeniýet we yslam galkynyşy ministri Ali Jannati Saud Arabystany bilen ençe aýlap dowam eden gepleşikleriň maksadynyň haç zyýaratçylarynyň howpsuzlygyny wagtynda doly üpjün etmekden ybarat bolandygyna ünsi çekýär. Ministriň aýtmagyna görä, Saud hökümeti tarapyndan bolsa bu ugurda hiç hili kepillik berlenok.

Ministr "Biz elimizden gelenini etdik. Ýöne saudlylar ylalaşygy bozdular" diýipdir.

Ministr Jannatiniň beýannamasyny ýaýradan IRNA habar gullugy şeýlelikde bu ugurda "ilkinji kararyň bardygyny" ýaňzydanam bolsa, habarçylar haç sapary barasynda ahyrky kararyň entek kabul edilmändigini bildirýärler.

Şaýy ybadatlary

”Saud Press” habar gullugynyň maglumatyna görä, Riýad hökümeti düşünişmezlik sebäpli Eýrany günäkärlemek bilen bir hatarda, zyýaratçylaryň haýsy ýurduň raýatydygyna garamazdan, bütin dünýäniň musulmanlaryny mukaddes Mekgede we Medinede myhman almaga taýýardygyny aýan edýär.

Saud Arabystanynyň Haç ministrligi bu beýannamanyň üstüni şeýle ýetirýär: "Hatda Tähran bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýatyrylmagyna garamazdan, gepleşikler üçin Eýranyň resmilerine wiza berildi".

Ministrligiň maglumatyna görä, Tähran hökümeti haç zyýaraty üçin wizalaryň Eýranda berilmegini talap edýär. Tähran şeýle-de mundan beýläk haç wagtynda howa gatnawynyň ikitaraplaýyn ýola goýulmagyny isleýär.

Eýranyň talaplarynyň ýene biri hem haç zyýaraty mahalynda eýranlylara şaýy ybadatlarynyň berjaý edilmegi üçin ýörite rugsadyň berilmegidir.

Sünni saud hökümeti bolsa, muňa jogap edip, ol ýerde öz ilçihanasynyň ýokdugyna garamazdan, eýranlylaryň Tähranda wizalary Internediň üsti bilen alyp biljekdigini aýdýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde hem Eýranyň ”Milli howaýollar” firmasynyň haç gatnawyna gatnaşmagynyň "ikitaraplaýyn ylalaşylan halkara şertnama gabat gelmeýändigini" tekrarlaýar.

Şaýy ybadatlary barasynda bolsa olaryň aýratynlykda berjaý edilmeginiň başga musulmanlaryň haç zyýaratyna päsgelçilik döredip biljekdigi ýaňzydylypdyr.

Saud hökümetiniň bildirmegine görä, eýranlylaryň haç saparyndan mahrum edilmeginde bar günä Tähranyň boýnuna düşýär.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk, ýanwar aýynda Sawud Arabystanynda şaýy ruhanysy Nimr al-Nimri ölüm jezasyna çekilenden soňra, aç-açan duşmançylyga öwrüldi. Şondan soň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy ýapyldy we iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar hem düýbünden kesildi.

Mundan başga-da Siriýa bilen Ýemendäki söweşlerde bu iki ýurt garşylykly taraplary goldaýarlar. Fewral aýyndan bäri bu iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary, araçy hökmünde, Şweýsariýanyň ilçihanalary berjaý edýär.

Ministr Jannati bolsa Saud Arabystanyna haç sapary üçin wizalaryň Şweýsariýanyň ilçihanasyndan alynmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG