Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Parižde parahatçylyk gepleşikleri geçiriler


Benjamin Netanýahu (çepde) we fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault. 15-nji maý, 2016 ý.
Benjamin Netanýahu (çepde) we fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault. 15-nji maý, 2016 ý.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault) Ysraýylyň garşy çykmalaryna garamazdan, palestin parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlamagy maksat edinýän sammitiň Parižde geçiriljekdigini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu parahatçylyk prosesini maslahat etmek üçin duşuşyklary geçirmek baradaky fransuz inisiatiwasy bilen ylalaşmaýandygyny berk mälim etdi. Bu maslahat 20 ýurduň, şol sanda Müsüriň, Saud Arabystanynyň we Iordaniýanyň resmilerini bir ýere jemlär. Ýöne oňa Ysraýylyň ýa-da Palestinanyň territoriýasyndan resmiler gatnaşmaz.

15-nji maýda Ysraýylda Netanýahu Aýrault bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagyň iň gowy ýoly, öňünden şert goýulmazdan göni gepleşikleriň geçirilmegidir diýdi.

Ýekşenbe güni Aýrault Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Abbas 30-njy maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan Pariž sammitini goldaýar.

XS
SM
MD
LG