Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Bilelikdäki harby türgenleşikler geçiriler


Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Türkiýäniň goranmak ministrleri bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirmegi maslahat etmek üçin Azerbaýjanyň Kabala şäherinde duşuşdylar.

“Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Gürjüstanyň harby mümkinçiliklerini we söweşe taýýarlygyny artdyrmak üçin bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirmegi maksada laýyk hasaplaýarys” diýip, Azerbaýjanyň goranmak ministri Zakir Gasanow 15-nji maýda geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.

“Gürjüstan şeýle harby türgenleşikleriň birnäçesiniň ýurduň çäginde geçirilmegine isleglidigini beýan etdi. Biz razylaşdyk. Şeýlelikde, biz 2017-nji ýylyň bahar paslyna taýýarlyk göreris” diýip, gürji goranmak ministri Tina Hidaşeli belledi.

XS
SM
MD
LG