Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň resmisi: ‘YD’-nyň territoriýalary kiçelýär


Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşýän koalisiýadaky ýörite ilçisi Brett McGurk (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşýän koalisiýadaky ýörite ilçisi Brett McGurk (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşýän koalisiýadaky ýörite ilçisi toparyň Yrakdaky we Siriýadaky käbir territoriýalarda öz kontrollygyny ýitirýändigini aýtdy.

“Yslam döwleti atly topar goranyşda we bu halyfat kiçelýär” diýip, Brett McGurk 15-nji maýda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda eden çykyşynda belledi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň Yrakda Mosul we Siriýada Rakka şäherleriniň kontrollygyna ele geçirmek tagallalary öňe gidişlik gazanýar diýdi.

“Biz her gün Mosula takyk zarbalary urýarys. Ol ýere yzygiderli görnüşde utgaşykly basyş edilýär” diýip, McGurk nygtady.

XS
SM
MD
LG