Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Jamalanyň ýeňişini tankyt edýärler


Jamala: "Şindleriň sanawy" filminden ylham aldym
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Jamala: "Şindleriň sanawy" filminden ylham aldym

Ukrainaly 32 ýaşly aýdymçynyň Krym tatarlarynyň Ikinji jahan urşunda Sowet häkimiýetleri tarapyndan köpçülikleýin sürgün edilmegi baradaky aýdymy bilen Ýewrowideniýe ýaryşynda ýeňiji bolmagyny orslar ýaryşyň düzgüniniň bozulmagy, syýasy tarapgöýlük diýip atlandyrdylar.

15-nji maýda Jamala ýaryşda sudýalaryň we teletomaşaçylaryň ses berişliginde 534 utuk alyp, ýeňiji diýip jar edildi.

Jamalanyň "1944" atly syýasy äheňli aýdymy - Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagy sebäpli dörän dartgynlylyk bilen bagly - Ýewrowideniýäniň taryhynda iň bir gapma-garşylykly utujy aýdym bolup çykdy.

Ýaryşyň guramaçylary Jamalanyň aýdymy Ýewrowideniýäniň düzgünlerini bozanok diýýärler.

Ýöne orslar aýdymyň äheňi göz-görtele syýasy diýip, sosial mediada we başga ýerlerde goh-galmagal turuzdylar.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa gyjytly degişmä salyp, geljek ýyl ýaryşdaky utujy Siriýanyň "ganly" prezidenti Başar Assady tankytlap aýdym aýtmaly bolar diýdi. Günbatar tarapyndan Siriýadaky bäş ýyl bäri barýan graždanlyk urşunda günäkär saýylsa-da, Moskwa Başar Assady goldaýar.

Ors parlamentiniň ýokarky palatasynyň Daşary işler komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýew hem: "Dereje sanawy boýunça üstün çykan geosyýasat boldy" diýdi.

Ol şeýle hem Ýewrowideniýe ýeňşi Ukrainanyň günbatarparaz ýolbaşçylaryny ruhlandyryp, uruşdan ýaňa dargan gündogar Ukrainada parahatçylyk prosesine howp salar diýip, welilik satýar. Ol twitterde: "Şol sebäpden Ukraina utuldy. Onuň diňe kynçylyk içindäki býujeti däl" diýip tekrarlaýar.

Aýdym ýaryşynda awstraliýaly Dami Im ikinji, orsýetli Segeý Lazarow hem üçünji ýeri aldylar.

Ýaryşyň şertine görä, Ýewrowideniýede utan ýurt geljek ýyl bu ýaryşyň guramaçysy hem öý eýesi bolmaly. Bu hem bir harajatly iş. Orsýetiň döwlet telekanaly Jamalanyň ýeňşini habar berende şu ýagdaýa salgylanyp, "býujetde boşluk barka, gündogarda uruş gidýärkä, paýtagtda köplenç tertipsizlik höküm sürýärkä" Ukraina geljek ýyl ýaryşa nädip eýe çyksyn diýen soragy goýýar.

Ýewrowideniýe onlarça ýyl bäri köp tomaşaçyny özüne çekýän telewizion tomaşadyr. Üstümizdäki ýyl, çak edilişine görä, ol Ýewropada, Hytaýda, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 200 million adama ýetirildi.

Guramaçylaryň edýän tagallalaryna garamazdan, aýdymlara we olaryň ýerine ýetirilişine syýasatyň hem aralaşýan mahallary bolýar. Mysal üçin, üstümizdäki ýylyň deslapky tapgyrlarynyň birinde ermenistanly ýaryşyjy Daglyk-Garabagyň baýdagyny galgadanynda guramaçylar oňa sahna ýol berilmezliginiň mümkindigini duýdurdylar. Azerbaýjanyň territoriýasynda ýerleşýän Daglyk-Garabaga Ermenistan dalaş edýär.

Jamalanyň ýeňşi Ukrainada dabara bilen gutlandy. Prezident Petro Poroşenko onuň "ynanyp bolmajak ussatlygyna we ýeňşine" ýokary baha berip, twitterde: "Tutuş Ukraina saňa tüýs ýürekden sagbol aýdýar, Jamala" diýip ýazdy.

Jamala aýdymyny 1944-nji ýylda ähli Krym tatarlary bilen birlikde Orta Aziýa sürgün edilen garry enesine bagyşlapdyr.

Ol Krymda tatarlaryň öýleri dökülip, özleriniň tussag edilmegi barada: "Men häzir Krymda bolup geçýän zatlara gynanýaryn. Ähli zat düzeler diýip umyt edýärin" diýdi.

15-nji maýda Kiýewiň Boryspil aeroportunda şatlykly garşylanan Jamala ýeňşiň iki taraplydygyny aýtdy.

Ol: "Bu biziň üçin bir beýik pursat, şol bir wagtda-da uly jogapkärçilik. Sebäbi Ýewropa bize ynam bildirdi" diýdi.

XS
SM
MD
LG