Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň bäş agzasy: Libýa ýarag bilen üpjün ediler

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (merkezde), Italiýanyň daşary işler ministri Paolo Gentiloni (çepde) we Birleşen Milletler Guramasynyň Libýa boýunça ýörite wekili Martin Kobler (sagda) Wenada geçirilen gepleşiklere gatnaşýarlar. 16-njy maý, 2016 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy Libýanyň halkara jemgyýeti tarapyndan ykrar edilen hökümetini “Yslam döwleti” atly topara we beýleki ýaragly fraksiýalara garşy göreşmegi üçin ýarag bilen üpjün etmek dogrusynda ylalaşdylar.

16-njy maýda Wenada Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri we Russiýanyň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we başga-da 15 ýurduň ýokary derejeli resmileri Libýanyň premýer-ministri Faýez al-Sarrajyň hökümetini ýarag bilen üpjün etjekdigini aýtdylar.

Kerri Sarrajyň hökümetini ýarag bilen üpjün etmek baradaky plany “yrga deňagramlylyk” diýip atlandyrdy.

Sarraj BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň tassyklamagy üçin öz hökümetine zerur bolan ýaraglaryň sanawyny düzjekdigini aýtdy.

“Biz halkara jemgyýetini biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys” diýip, Sarraj duşuşygyň öňýanynda belledi.

XS
SM
MD
LG