Sepleriň elýeterliligi

‘YD’ Yrakdaky territoriýalarynyň 45%-ni ýitirdi


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (sagda), Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň metbugat wekili Peter Kuk (çepde).

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (sagda), Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň metbugat wekili Peter Kuk (çepde).

“Yslam döwleti” atly topar bir döwürler Yrakda eýelän territoriýalarynyň 45%-niň we Siriýada eýelän territoriýalarynyň bäşden bir böleginiň (1/5) kontrollygyny ýitirdi diýip, 16-njy maýda Pentagonyň metbugat wekili Peter Kuk (Peter Cook) aýtdy.

Soňky hepdelerde “Yslam döwleti” atly topar Bagdatda we beýleki ilatly merkezlerde ýowuz hüjümleri amala aşyryp, onlarça adamy öldürendigine garamazdan, Birleşen Ştatlaryň we Yragyň harby güýçleri toparyň yza çekilýändigini yzygiderli nygtap gelýärler.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň armiýasy “Yslam döwleti” atly toparyň uly möçberde pul serişdesini we nebit rezerwlerini hem ýitirendigini aýdýar.

Şu ýylyň başyndan bäri, gürrüňi edilýän topar Ramadi we Heet şäherleriniň kontrollygyny ýitirdi.

XS
SM
MD
LG