Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag: Azerbaýjan, Ermenistan borçnamalaryny täzelediler


Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri 16-njy maýda Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşdylar.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri 16-njy maýda Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşdylar.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regionynda ok atyşygy bes etmek we konflikti parahatçylykly çözmek baradaky borçnamalaryny täzelediler.

Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Orsýet tarapyndan ýaýradylan bilelikdäki beýanatda, ermeni prezidenti Serž Sarkisiýanyň we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň ikitaraplaýyn ylalaşylan ýerde gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek dogrusynda ylalaşandygy aýdylýar.

Bu baradaky ylalaşyga, 16-njy maýda Wenada Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň we Fransiýanyň araçylary bilen geçirilen gepleşiklerden soň gelindi.

Aprel aýynyň başynda Daglyk-Garabag sebitinde soňky iki on ýyllygyň dowamyndaky iň ýowuz çaknyşyklar bolany bäri, Serž Sarkisiýan we Ylham Aliýew ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşýarlar.

XS
SM
MD
LG