Sepleriň elýeterliligi

"Amerikada hyjabyňy çykar!" diýene indi jeza berler


Bosniýaly musulman zenan.

Bosniýaly musulman zenan.

ABŞ-nyň Federal sudy bir zenanyň hyjabyny sypyryp, ýere taşlan amerikalyny günäkär hasaplady.

”Waşington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, suduň kararynda 37 ýaşly Gill Parker Paýn diýen amerikalynyň bir musulman aýalyň öz dini ynanjyny erkin berjaý etmek hukugyny bozanlykda günäkärläp, oňa bu sebäpden 100 müň dollar jerime garaşýandygy aýan edilýär.

Bu waka geçen ýylyň dekabr aýynda bolup geçýär. ”Southwest” howaýollarynyň Çikagodan Albukurku şäherine uçan uçarynda Paýn, birden hyjaply bir zenany görüp, onuň garşysyna äsgermezçilikli herekete girişýär. Ol zenanyň ýanyna baryp. hyjaby görkezip, "Muny çykar, sebäbi bu ýer Amerika" diýýär. Zenan bolsa hyjabyny çykarmaýar. Şonda Paýn gazap bilen onuň hyjabyny sypyryp, ýere zyňýar.

Paýn şeýle hereket edendigini öz ýazan düşündirişinde hem boýun alýar.

Paýnyň öz etmişini boýun almagy netijesinde onuň jezasy ýeňilleşer. Çünki ABŞ-nyň kanunyna görä, aslynda oňa 1 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy garaşýar ekeni. Ýöne öz etmişini boýnuna alandygy üçin, kazyýet onuň deregine 2 aýlyk synag möhleti bilen 2 aýlyk öý tussaglygy jezasy berilmeli diýen karara gelýär.

Paýn pul jerimesinden welin sypyp bilmez. Ýöne pul jerimesiniň möçberi häzirlikçe doly anyklanmandyr. Mundan başga-da, eger ol öý tussaglygynda özüni gowy alyp barmasa, onda hakyky tussaghana salnar.

ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň raýat hukuklary bölüminiň ýolbaşçysy Wanita Gruptanyň aýtmagyna görä, kanunyň öňünde kimiň haýsy dinden bolandygynyň bir tapawudy ýok, bütin amerikalylar gürrüňsiz deňhukukly ýagdaýda öz dini ygtykatlaryny erkinlikde berjäý edip bilýär.

Musulmanlara garşy edilýän jenaýatlar köpelýar

Federal derňew býurosy Federal aňtaw býurosynyň (FAB) hasabatyna görä, 2004-nji ýyldan bäri musulmanlardan daşgary din bilen bagly bolýan jenaýatlar gaty azalypdyr. 2004-nji ýylda musulmanlara garşy 156 jenaýat edilen bolsa, 2014-nji ýylda edilen jenaýatlaryň sany 154 bolupdyr.

Corctaun uniwersitetiniň Bridge (Köpri) atly ýörite alyp baran barlag işiniň netijesine görä bolsa, musulmanlara garşy edilen jenaýatlaryň sany geçen ýyl 154-den 174-e çenli ýokarlanypdyr. Olardan 12 sanysy jana kast etmek, 29 sanysy fiziki hüjüm, 9 sanysy sowuk ýaragly hem bombaly hüjüm we partlama gurnamak bolupdyr. Şeýle-de 50 şahsyýete we gurama garşy ýörite hüjüm gurnalypdyr.

Kaliforniýa uniwersitetiniň duşmançylyk we ekstremizm boýunça barlaglary merkeziniň maglumatyna görä, musulman ekstremistleriň Pariž bilen Kaliforniýadaky San-Bernardino hüjümlerinden soň ABŞ-da musulmanlara we metjitlere garşy edilýän hüjümler köpelipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG