Sepleriň elýeterliligi

Şarif baýlygyny syýasata girmezden öň gazanandygyny aýdýar


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif özüniň maliýe hasaplarynda hiç hili bidüzgünçilige ýol berilmändigini aýdyp, ýurduň parlamentinden “Panama kagyzlarynda” öňe sürülýän maglumatlary derňemegi üçin ýörite komissiýa döretmegi sorady.

16-njy maýda Pakistanyň parlamentinde çykyş eden Şarif öz baýlygyny syýasata girmezden ozal kanunalaýyk ýollar bilen gazanandygyny we döwletiň pulundan bidüzgünçilikli peýdalanmandygyny aýtdy.

“Men Pakistandan ýekeje hem puluň çykarylmandygyna kepil geçip bilerin” diýip, Şarif belledi.

“Panama kagyzlary” atly maglumatlarda Şarifiň çagalarynyň birnäçe ofşor kompaniýa eýeçilik edýändigini we olaryň bu kompaniýalary Londonda emläk satyn almak üçin ulanandygyny görkezýän dokumentler peýda bolany bäri, Pakistanyň premýer-ministrine basyş edilýär.

XS
SM
MD
LG