Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Iki partlamada 23 adam öldi


Bagdada edilen bombaly hüjümleriň biri.

Bagdada edilen bombaly hüjümleriň biri.

Yragyň paýtagty Bagdatda aýry-aýrylykda bolan iki bomba partlamasynda azyndan 23 adam öldi.

Polisiýa we saglyk resmileri partlamanyň netijesinde azyndan 46 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bagdadyň demirgazygynda ýerleşýän Al-Şaab etrabyndaky bazara edilen hüjümde on ýedi adam öldi we başga-da azyndan 21 sanysy ýaralandy. Bu etrabyň ilatynyň aglabasy şaýy musulmanlaryndan ybaratdyr.

Bu aralykda, Bagdadyň günortasyndaky Al-Raşid etrapçasyna edilen ulagly bomba hüjüminde alty adam öldi we başga-da 21 sanysy ýaralandy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Emma mundan ozal, “Yslam döwleti” atly topar Bagdatda we onuň golaýynda amala aşyrylan bombaly hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG