Sepleriň elýeterliligi

"Tussaglykdaky kakamdan habar ýok"


Illýustrasiýa suraty.

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda ýurduň konstitusiýasynyň we Magtymguly pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli tussaglykdaky 853 adam amnistiýa çykaryldy.

Prezident G.Berdimuhamedow bu barada permana 16-njy maýda gol goýup, degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlaryň 18-nji maýa çenli öz maşgala agzalarynyň ýanyna barmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtda türkmen metbugatynda amnistiýa çykarylan adamlaryň şahsyýeti barada anyk maglumat berilmeýär.

Kakasy Türkmenistanda tussaglykda saklanylýan türk raýaty Fatih Sary günäsi geçiljek tussaglar barada öňünden maşgala agzalaryna habar berilse gowy boljakdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy kakasynyň türkmen türmelerinden boşadylmagyna garaşýan Fatih Sary bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG