Sepleriň elýeterliligi

Baku, Ýerewan borçnamalary täzelediler


Daglyk-Garabag sebiti.

Daglyk-Garabag sebiti.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň prezidentleri separatistik Daglyk-Garabag regionynda atyşyklary bes etmek we konflikti parahatçylykly ýollar bilen çözmek baradaky borçnamalaryny täzelediler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Fransiýa we Orsýet tarapyndan çykarylan bilelikdäki beýannamada ermeni prezidenti Serž Sarkisýan bilen azeri prezidenti Ylham Alyýewiň gepleşikleriň indiki tapgyryny ikitaraplaýyn bellenen ýerde geçirmek boýunça ylalaşandyklary aýdylýar.

Bu ylalaşyga Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň we Fransiýanyň araçylygy bilen 16-nji maýda Wenada gelindi.

Duşuşyk aprel aýynyň başlarynda Daglyk-Garabag sebitinde dört günläp dowam eden ganly çaknyşyklardan bäri Alyýew bilen Sarkisýanyň arasynda geçen ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşykdyr.

Daglyk-Garabagyň üstünde Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky uzaga çeken bu konflikt öňki Sowet Soýuzynyň gowşan ýyllarynda başlanypdy.

Ilaty esasan ermenilerden durýan Daglyk-Garabag özüni Azerbaýjandan garaşsyz diýip yglan etdi. 1988-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli dowam eden uruşda, çak edilişine görä, 30 müň adam ölüp, ýüz müňlerçe adam öý-owzardan aýryldy.

Separatistleri goldýan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 1994-nji ýylda atyşyklary bes etmek geleşigi baglaşylaly bäri Daglyk-Garabag ýaňy 2-nji aprelde iň ýaramaz zorlukly hereketlere şaýat boldy.

Orsýetiň araçylyk etmegi bilen 5-nji aprelde atyşyklar bes edildi. Ýöne şondan bäri iki tarap birek-biregi ylalaşygy bozmakda aýyplap gelýär.

Aprelde turan çaknyşyklarda iki tarapdan parahat iltatdan ençeme adam bilen birlikde 75 esger öldi.

Tutaşyp ugran konflikti ýatyrmak maksady bilen Minsk topary diýilýän - Birleşen Ştatlar, Orsýet we Fransiýa - iki ýurduň ýolbaşçysyny Awstriýanyň paýtagtyna çagyrdylar.

Duşuşykdan soň çykarylan beýannamada bildirilmegine görä, atyşyklary bes etmek düzgüniniň ýerine ýetirilişine edilýän gözegçiligi hem artdyrmak barada ylalaşyldy. Gözegçiligi ýerine ýetirýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmadaşlyk Guramasynyň häzir front liniýasynda diňe alty işgäri bar.

XS
SM
MD
LG