Sepleriň elýeterliligi

“Putin talaňçylar bilen gaty öndümli işleşdi”


Wladimir Putin. 1995 ý.

Wladimir Putin. 1995 ý.

1990-njy ýyllarda sank-peterburgly täjir Maksim Freidzon stoluň aňyrsynda oturan sada görnüşli býurokrat, bir gün Orsýetiň iň gudratly adamy bolar diýip, asla pikir etmändir.

"Şol wagtlar bir adalga bardy - komitetiň parahory" diýip, KGB-niň ýa Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň agentlerine aýdylardy. "Men muny 1992-nji ýylda şäher häkimliginiň Daşary işler komiteti bilen nähili iş salyşmalydygyny soranymda bir dostumdan eşitdim... olar nähili adamlar diýip saradym. Komitetiň parahorlary... olar pul bolsa, ähli zady bolmasy ýaly edýärler" diýip, Freidzon gürrüň berýär.

Freidzon Daşary işler komtetiniň Antoneko köçesindäki edarasyna baryp, özüniň ilkinji halkara söwda proýektini hasaba aldyrmak üçin gerekli dokumentleri beripdir.

Maksim Freidzon

Maksim Freidzon

Gepleşik gidip otyrka Wladimir Putin kagyzyň ýüzüne bir sany ýazyp, muňa Alekseý Miller sereder diýipdir. "Ine, bolany şu. Meniň kabul etmekden başga ýolum ýokdy. Olar ähli zady edilmelisi ýaly çalt, problemasyz etdiler" diýip, Freidzon aýdýar.

Putiniň kagyzyň ýüzüne ýazany 10000 dollardy.

Ol mahallar Putin Sank-Peterburgda şäher häkiminiň orunbasary hem-de Daşary işler komitetiniň başlygy bolup işleýärdi. Döwletiň kontrollygyndaky tebigy gaz ägirdi Gazpromyň häzirki ýerine ýetiriji baş müdüri Miller hem Putiniň orunbasarydy.

Häzir Ysraýylda ýaşaýan Freidzon "Gazpromy", "LUKoili" we ýene birnäçe kompaniýany we şahsyýetleri Birleşen Ştatlarda suda berdi. Ol bularyň öz kompaniýasy "Sigma" degişli "Soweko" nebit kompaniýasyndan bikanun paý alandyklaryny, netijede özüniň 540 million dollar zyýan çekendigini aýdýar.

Sowet Soýuzy çöküp, Putin Dresdendäki KGB wezipesinden aýrylyp, täze Orsýete dolanyp gelensoň işe nähili girişendigi barada köp adamlar bu gün ýalňyşýarlar diýip, Freidzon aýdýar.

"Wladimir Wladimirowiç ygtybarly talaňçydy diýen pikiriň aşa çişirilen bolup görünmegi mümkin, aýratyn-da Putiniň öz ýanynda. Ýöne hakykat mundan has beterdi. Meniň düşünişime görä, ol talaňçylar bilen gaty öndümli işleşdi. Olara hyzmat edip, olara peýdaly bolmaga synanyşdy".

"Meniň bilşime görä, ol wagtlar şäherde gepi geçýän adamlaryň we garadan gaýtmaz jenaýatçylaryň nazarynda ol hiç zat däldi.

"Ol wagtlarda möhüm adamlardan durýan dürli toparlaryň arasynda konfliktler bardy. Ol bir-birlerini ýigrenýän bu adamlaryň arasynda deňagramlylygy saklamaga mejburdy. Ol yrandy, ýöne aman galdy, başaranyny gazandy" diýip, Freidzon sözüniň üstüne goşýar.

Freidzon KGB-niň Orsýetde öz güýç-gudratyny saklap bilendigine geň galmandyr, ýöne bu ýagdaý ony lapykeç edipdir.

"Olaryň hiç bir ideologiýasy ýokdy, isleýäni pul we ony erkin sarp etmek üçin mümkinçilikdi. Olar hatda 1980-nji ýyllarda-da puluň ysy gelýän ähli zada goşuldylar. Olar gara bazarda pul çalyşýanlary, durnukly walýuta tenini satýanlary goraýardylar. Andropowyň döwründe olar söwda işlerine goşulmaga synanyşdylar, ähli zatdan paý islediler" diýip, Freidzon belleýär.

Ol soňra hem: "Olar guramaçylykly, aç galtamanlardy" diýip, netije çykarýar.

Freidzonyň aýtmagyna görä, şol wagtlar Orsýet KGB-niň agentlerini syýasatdan çetleşdirmegi umyt edipdir. Bu iş başa barmansoň KGB-niň häkimiýeti ele geçirmäge synanyşjakdygyna şek-şübhe galmandyr.

Ol "guramaçylykly, aç gatlamanlaryň" "söwda-komsomol-reformaçylardan we Sowet Soýuzy darganyndan soň gysga wagtlap häkimiýet başyna gelen az sanly hakyky demokratlardan" mekirlik bilen üstün çykjakdygy belli zatdy diýýär.

Şol sanlyja ýyllaryň dowamynda Freidzon birnäçe gezek Putin bilen duşuşypdyr. Iň soňunda hem Sank-Peterburgyň polisiýa işgärlerini import edilen ýaraglar bilen üpjün etmek bardaky ylalaşygy ýene 10000 dollar berip, tamamlapdyr.

"Meniň pikirimçe, ol öz maksadyna ýetmekde hiç bir zatdan gaçmaýan adamdy. KGB-de bir adamda moral ýa ahlak çäklendirmeleri bolsa, ol türgenleşik we psihologik taýýarlyklarda adamdan sykyp çykarylýar" diýip, Freidzon aýdýar.

Freidzon sözüniň soňunda: "Indi Orsýetde aşa gowy görülýän Staliniň döwri bolan bolsady, Wladimir Wladimirowiç öz karýerasyna başlap-başlamanka ogrulykda atylyp öldürilerdi" diýip, netije çykarýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG