Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamalarda iki polisiýa ofiseri öldi


Pakistanda bolan bomba partlamalarynyň biri.

Pakistanda bolan bomba partlamalarynyň biri.

Pakistanyň resmileri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde bolan iki bomba partlamasynda iki polisiýa ofiseriniň ölendigini we başga-da azyndan 17 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Polisiýa ofiseri Şer Hanyň 18-nji maýda beren maglumatyna görä, polisiýanyň ulagy Peşawaryň etegindäki Aslam Deri sebitinden geçip barýan mahaly, ýoluň gyrasyna düşelen bomba partladylypdyr.

Soňra wakanyň bolan ýerine polisiýa, halas ediş gullugynyň işgärleri we beýleki adamlar gelen mahaly, ikinji bomba partladylypdyr.

Bu wakada ýaralananlaryň arasynda polisiýa ofiserleri, halas ediş gullugynyň işgärleri we media serişdeleriniň agzalary bar.

Bu bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG