Sepleriň elýeterliligi

BMG Orsýete çagyryş etdi


Krym tatarlary.

Krym tatarlary.

Birleşen Milletler Guramasy 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda sowet diktatory Iozef Stalin tarapyndan krym tatarlarynyň köpçülikleýin deportasiýa edilmeginiň ýyldönüminde, Orsýeti milli azlyklaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Rupert Kolwille (Rupert Colville) Orsýetiň ýarymadany anneksiýa eden döwründe tatarlary yzarlamalar artdy diýip, tatar resmilerine garşy edilen gorkuzmalary we tussag edilmeleri belläp geçdi.

“2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri krym tatarlary esassyz öý dökmelere, kitaplarynyň alynmagyna we tussag edilmelere sezewar bolýarlar” diýip, Kolwille 17-nji maýda ýaýradan beýanatynda aýdýar.

Şeýle-de, Kolwille: “Geçen ýyl häkimiýetler krym tatarlarynyň ençeme media serişdesini ýapdy. Geçen hepde hem, häkimiýetleriň Azatlyk Radiosynyň Krym gullugynyň websaýtyny petikländigi habar berildi” diýdi.

1944-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Staliniň döwründe 200 müň çemesi krym tatary otla mündürilip, Özbegistana ugradylypdy.

XS
SM
MD
LG