Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Putine ‘geň höwesekliginiň bardygy’ aýdylýar


Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasyndan prezidentlige dalaş edýän Hillari Klintonyň (Hillary Clinton) daşary syýasat boýunça maslahatçysy Donald Trampyň (Donald Trump) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine we beýleki “daşary ýurt pälwanlaryna, ýagny ýolbaşçylaryna geň höwesekliginiň bardygyny” öňe sürdi.

Jeýk Sulliwan (Jake Sullivan) bu barada, 17-nji maýda Klinton Kentukkide Demkoratlaryň ýene bir deslapky saýlawlarynda ýeňiş gazanandan bir salym öň çykyş etdi.

Şol bir wagtda, Sulliwanyň bu çykyşy, Tramp “Reuters” habar agentligine beren interwýusynda Phenýanyň ýadro ýaraglaryny özleşdirmegi bes etmegi üçin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim John Un bilen gepleşikleri geçirip biljekdigi barada degişme äheňli beren interwýusynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG