Sepleriň elýeterliligi

HWF Eýrany diňe nebitiň girdejisine bil baglamazlyga çagyrýar


Halkara walýuta fondunyň (HWF) resmisi Eýranyň öz ykdysadyýetini ösdürmek üçin nebitiň satuwyndan gelýän girdejiniň uly möçberde artmagyna bil baglamaly däldigini duýduryp, onuň global ykdysadyýeti bilen bilelikde hereket etmek üçin beýleki mümkinçilikleri gözlemelidigini aýtdy.

“Men häzir Eýranyň ykdysadyýeti üçin öwrümli pursatda çykyş edýärin. Möhüm sanksiýalaryň aýrylmagy bilen, siziň ýurdy global ykdysadyýete uýgunlaşmagy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriňiz bar” diýip, Halkara walýuta fondunyň direktorynyň orunbasary Dawid Lipton 17-nji maýda Eýranyň Merkezi bankynda eden çykyşynda aýtdy.

Iki günlük sapar bilen Tährana sapar edýän Lipton, şol bir wagtda nebitiň bahasynyň pese gaçmagy Eýranyň ykdysadyýetine we býujetine gelýän girdejiniň möçberini çäklendirer diýdi.

2014-nji ýylda nebitiň 1 barreliniň bahasy 100 amerikan dollaryndan takmynan 47 amerikan dollaryna çenli pese gaçdy.

XS
SM
MD
LG