Sepleriň elýeterliligi

Bosniýaly, Meksikaly žurnalistler halkara baýragy utdular


Bosniýa-Gersogowiniýadan we Meksikadan derňewçi žurnalistler ýokary derejeli resmileriň arasyndaky maliýe jenaýatlaryny we bidüzgünçilikleri paş edeni üçin “Knight” atly halkara žurnalistika baýragyna mynasyp boldular.

17-nji maýda düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Žurnalistleriň halkara merkezi” 2016-njy ýyl boýunça bu baýraga düýbi Saraýewoda ýerleşýän Miranda Patruçiçiň we Meksikadaky “Aristegui Noticias” habar websaýtynyň derňewçi toparynyň eýe bolandygyny mälim etdi.

“Bu derňewçi žurnalistler ýokary derejeli resmileriň gatnaşmagyndaky şübheli ylalaşyklaryň üstüni açmak bilen dünýäni üýtgetdiler” diýip, “Žurnalistleriň halkara merkeziniň” prezidenti Joýs Bernatan (Joyce Barnathan) aýdýar.

Bu baýrak ýeňijilere şu ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda gowşurylar.

XS
SM
MD
LG