Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Migrasiýa gullugy" sizi gözleýärmi?


Lebap welaýatyndaky Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.
Lebap welaýatyndaky Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.

Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlarynyň uly bir bölegi şol ýurtda bikanun ýaşaýarlar. Şeýlelikde, olar agyr şertlerde ýaşaýarlar, emma muňa garamazdan olaryň aglabasy, dürli sebäplere görä Türkmenistana dolanmakçy däldigini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti bolsa olaryň yzlaryna dolanmagyny isleýär, hökümet bu islegini her pursatda beýan edýär. Şeýle ýagdaýlara işi düşüp türkmen ilçihanasyna baran migrantlaryň aýratyn duş gelýändigi aýdylýar.

Emma käbir migrantlar soňky döwür Türkiýedäki migrantlary yzyna getirmek üçin degişli edaralaryň wekilleriniň olaryň Türkmenistandaky maşgalalaryna basyş edip başlandygyny aýdýarlar.

Şol basyşlaryň dürli görnüşleri bar. Kähalatlarda olaryň maşgala agzalaryna Türkiýede ýaşaýan garyndaşyňyzy yzyna getiriň diýýän bolsalar, kähalatlarda olar Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň kontakt nomerlerini soraýarlar.

Hatda mekdebe gatnaýan çagalardan hem olaryň eje-kakasynyň Türkiýede ýaşap-ýaşamaýandygynyň soralýandygy barada habarlar gowuşýar.

Siz şeýle ýagdaýlara şaýat bolduňyzmy? Bu barada gören-eşidenleriňiz barada bize gürrüň beriň. Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň etmekçi.

Bu temada gepleşige gatnaşyp, öz tejribelerini ýa-da garaýyşlaryny halk köpçüligine ýetirmek isleýänler hat@azatradio.org elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG