Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan protestçileri basyp ýatyrýar


Atyrau, raýat aktiwistleri Maks Bokaýewe, Talgat Aýana 15 gije-gündiz tussaglyk hökümi çykaryldy.
Atyrau, raýat aktiwistleri Maks Bokaýewe, Talgat Aýana 15 gije-gündiz tussaglyk hökümi çykaryldy.

Gazak häkimiýetleri 21-nji maýa planlaşdyrylan bütin Gazagystan ýer protestinden öň raýat aktiwistlerini we sosial ulgamlarda dawaly ýer kanunyna garşy geçiriljek miting barada habar beren adamlary tussag etmegi, olara höküm çykarmagy ýygjamlatdylar.

Soňky hepdelerde birnäçe şäherde ýüzlerçe adam proteste çykyp, sowet döwründen gelýän awtoritar lider Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik edýän nebite baý ýurdunda dawaly ýer kanunyna garşy protest bildirdi. Aktiwistlerýer auksionlarynyň açyk-aýdyň bolmazlygyndan, korrupsiýa giň ýol açmagyndan howatyr edýärler.

Atyrau şäherinde raýat aktiwistleri Maks Bokaýewe hem-de Talgat Aýana 15 gije-gündiz tussaglyk hökümi çykaryldy, olar 24-nji aprelde ýer meselesi boýunça geçirilen ygtyýar berilmedik proteste gatnaşypdylar. Bokaýewiň hökümi gije ýaryma golaý çykarylan bolsa, Talgat Aýanyň hökümi gije sagat 2-de çykaryldy. Olar Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 488-nji maddasynyň 3-nji bölegi esasynda, parahatçylykly ýygnanyşklary geçirmegiň düzgünlerini bozmakda günäli tapyldy.

"Agzalalyga meçew bermekde" aýyplandy

Raýat aktiwisti Žanat Esentaýew 17-nji maýda Uralsk şäherinde tussag edilip, üç gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. Aklawçysy Larisa Simonenkonyň maglumatyna görä, ol «sosial, milli, tire-taýpa, jynsy we dini agzalalyga meçew bermekde» aýyplandy.

Esentaýew tutulmazyndan öň polisiýa onuň ýaşaýan ýerinde, şeýle-de aktiwist Isataý Utepowyň öýünde, «Abyraý» jemgyýetçilik birleşiginiň ofisinde barlag geçirdi. Barlag wagtynda polisiýa mobil telefonlary we kompýuterleri konfiskasiýa etdi.

Astanada sişenbe gijesi raýat aktiwisti Maksat Ilýasuly, aýalynyň Azattyk radiosyna habar bermegine görä, adamlary ygtyýar berilmedik proteste çagyrmakda aýyplanyp, 10 gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. 16-njy maýda ýene bir astanaly aktiwist, Muhambet Abjan 10 gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. Ol «ownuk bozgaklykda» aýyplandy we tussag edilmezinden öň proteste gatnaşmazlyk barada duýduryş alandygyny aýdypdyr.

Jezkazganly aktiwist Berik Žagiparow bolsa feýsbukda polisiýanyň özüni şäher prokuraturasyna çagyrandygyny ýazdy.

"Protest planynda" aýyplandy

Sud seljerişlikleri, aktiwistlere türme möhletlerini bermek 18-nji maýda hem dowam etdi, ýagny Almaty sudy raýat aktiwisti Moldir Adylowany 15 gije-gündiz adminstratiw tussaglyga höküm etdi. Adylowany hem-de gije onuň bilen bilelikde sud edilen beýleki aktiwistleri sud «ýer meselesi» boýunça ygtyýar berilmedik protest aksiýalaryny geçirmegi planlaşdyrmakda aýyplady.

Almatynyň şäher sudunyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, bäş aktiwist adminstratiw tussaglyga höküm edildi, ýöne häkimiýetler bu işler boýunça goşmaça maglumat bermedi.

Almatyda tussag edilenleriň arasynda «Ar. Ruh. Hak» guramasynyň lideri Bagtyjan Toregožina hem bar. Toregožina sud diňlenişiginden öň Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna telefon edip, özüni başga birnäçe aktiwist bilen polisiýanyň maşynynda alyp barýandyklaryny aýtdy.Ol aktiwistleriň aklawçylarynyň ýokdugyny hem habar berdi.

16-njy we 17-nji maýda görlen çärler, ýagny aktiwistleriň tussag edilmegi, soraga çekilmegi, öýleriniň dökülmegi ýerleri hususylaşdyrmak baradaky täze kanuna garşy21-nji maýda bütin Gazagystan boýunça geçirilmekçi bolýan protestleriň öňünden görüldi.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew bu kanunyň durmuşa geçirilmegini 2017-nji ýylyň bir wagtlaryna çenli soňa goýmak barada karar çykaran hem bolsa, aktiwistler bu kanuna garşy has giň protest geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu plan barada sosial ulgamlarda maglumat ýaýradylýar.

Nazarbaýewiň buýrugy ýurduň dürli ýerlerinde ýüzlerçe adam toplanyp, ýerleri hususylaşdyrmak planyna garşy protest geçireninden soň peýda boldy. Bu plan esasynda daşary ýurtlulara, 25 ýyllyk möhlet bilen, ýurtda ekerançylyk ýerlerini kärendesine almaga ygtyýar berilýär.

Ýer meselesi bilen bagly protestler 23-nji aprelde Atyrauda, azyndan müň adamyň toplanmagy bilen başlanyp, soň derrew beýleki şäherlere ýaýrady.

Nazarbaýewiň hökümeti post-sowet ýurdunda seýrek bolýan protestleri basyp ýatyrmak üçin hem güýç, hem çäklendiriji kanunlar ulgamyny ulandy.

Bu hili protestler 2011-nji ýylyň dekabrynda günorta-günbatar şäher Žanaözende we onuň golaýyndaky Şetpede nebitçi işçileriň we olaryň goldawçylarynyň protesti mahalynda 16 adam polisiýanyň okundan öleninden soň seýrekleşipdi.

XS
SM
MD
LG