Sepleriň elýeterliligi

‘Türkmen harytlary alyjylaryň islegini kanagatlandyryp bilmez’


Mir bazarynyň girelgesi.

Mir bazarynyň girelgesi.

Aşgabadyň “Mir bazarynda” söwda-satyk işleri bilen meşgullanýan käbir söwdagärler, özleriniň mundan beýläk bazarda diňe ýerli harytlary we önümleri satyp biljekdigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda abatlaýyş işleri sebäpli “Mir bazary” geçen ýylyň sentýabr aýynyň 1-den bäri ýapyklygyna galýar. Maglumata görä, bazar administrasiýasy bu ýerde dükanlary bar bolan söwdagärlere, bazar açylanda olaryň bazarda diňe ýerli harytlary satyp biljekdigini aýdypdyr.

Şu günler, dilden berlen bu duýduryşyň bazarda söwdasyny dowam etdirmek isleýän söwdagärleri alada goýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, “Mir bazarynyň” golaýynda ýaşaýan ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG