Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raport: Dünýäniň ilaty bosgunlary goldamaga islegli


Gresiýanyň Lesbos adasyndaky "Moria" bosgunlar lagerinde demir germewleriň aňyrsynda duran bosgun çagalar.
Gresiýanyň Lesbos adasyndaky "Moria" bosgunlar lagerinde demir germewleriň aňyrsynda duran bosgun çagalar.

Hökümetleri näme diýse-de, tutuş dünýäde ilatyň aglaba köplügi bosgunlary goldamak pikirine oňaýly garaýar. Bu barada "Amnesty International" guramasynyň geçiren täze barlagynda gelnen netijede habar berilýär.

Halkara günä geçiş guramasy adaty adamlaryň bosgun krizisine nähili garaýandygyny bilmek maksady bilen olardan bosgunlary öz ýurtlaryna, şäherlerine, mähellelerine ýa öýlerine almaga nedereje meýillidiklerini sorapdyr.

19-njy maýda jemgyýetçilige ýetirilen "Bosgunlar hoş geldiňiz indeksi" pikiri soralanlaryň 80 prosentiniň bosgunlary öz öýlerine ýa ýurtlaryna kabul etmäge taýýardygyny görkezýär. Kabul edişligiň iň ýokary derejesi Ispaniýada, iň pes derejesi hem Orsýetde.

Biriniň bosgunlary kabul etmäge isleg bildirmegi olara öz öýünden orun berer diýildigi däl. Ýöne Halkara günä geçiş guramasynyň geçiren barlagy häzirki bosgun krizisinde käbir hökümetleriň öz raýatlaryny bahana edinip, bosgunlary yzyna gaýtarmagy bilen raýatlaryň bu baradaky garaýyşlarynyň arasynda gapma-garşylygyň bardygynyň üstüni açýar.

“Syýasatçylar bosgunlara garşy ritorikadan peýdalanýarlar”

Öten ýyl bir milliondan agdyk adamynyň Siriýadan, Owganystandan, Yrakdan, şeýle-de beýleki ýurtlardan Ýewropa gaçyp gelendigini nazarda tutup, Londonda ýerleşýän "Amnesty International" guramasy bu barada barlag geçirmegi ýola goýdy.

Guramanyň baş sekretary Salik Şetti gelnen netije “syýasatçylaryň uruşdan, zulum-sütemden gaçyp gelýän adamlaryň janyny, özleriniň gysga möhletli syýasy bähbitleri üçin utançly ýollar bilen, howp astyna salandygyny görkezýär" diýýär. Ol: "Syýasatçylar özlerini halka halatjak bolup, köplenç çet ýurtlulara duşmançylykly we bosgunlara garşy ritorikadan peýdalanýarlar" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

27 ýurtda 27 müň adamynyň pikiri soralyp, geçirilen barlagyň netijeleri käbir adamlary geň galdyrsa gerek.

Ilat taýdan dünýäniň iň uly ýurdy bolan Hytaý bosgunlary gowy garşylaýan ýurtlaryň arasynda durýar. Bu ýerde pikiri soralanlaryň ýarpysyna golaýy bosgunlary öz öýlerine kabul etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Bu kategoriýada ikinji orunda durýan, 29 prosent bilen, Beýik Britaniýa.

“Syýasatçylar indi halkdan soramaly”

Häzirki krizisde bosgunlaryň iň uly bölegini kabul eden Germaniýanyň ilaty dolsa bosgunlara kömek etmek tutumynda şindi-de berk dur. Bu ýerde pikiri soralanlaryň 56 prosenti bosgunlary öz mähellelerinde kabul etjekdiklerini aýtdylar. Germaniýada bosgunlara öz öýlerinden orun berjekleriň sany 10 prosent.

Halkara günä geçiş guramasynyň Global kampaniýalar bölüminiň direktorynyň orunbasary Marek Marszynskiniň aýtmagyna görä, köp ýurtlarda häkimiýetler hakykaty ýoýup görkezýärler:

"Olar ýurduň ilatynyň bosgunlary kabul etmek islemeýändigini aýdýarlar, ýöne muny nireden bilýärler? Biz muny bilýäris, sebäbi biz adamlardan soraýarys. Syýasatçylaryň indi adamlardan 'bu meselä siz nähili garaýarsyňyz' diýip soramaly wagty geldi. Olar biziň eden işimizi etseler, onda halkyň pikirlerini, olaryň nämäni isleýändigini bilerler. Barlagdan gelip çykýan tabşyryk - global raýdaşlyk" diýip, Marszynski aýdýar.

Bosgunlaryň iň ýaramaz garşylanýan ýeri

Bosgunlaryň iň ýaramaz garşylanýan ýeri Orsýet. Bu ýerde pikir soralşyga gatnaşanlaryň 61 prosenti bosgunlaryň ýurda girmegini ret edýändiklerini aýtdylar.

"Amnesty International" guramasynyň Ýewropa we Orta Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeew 16-njy maýda "Bosgunlar hoş geldiňiz indeksiniň" Orsýet baradaky netijeleri hakda şeýle diýdi:

"Barlagyň netijeleri adamy lapykeç edýär, ýöne bütinleý garaşylmadyk zat däl. Bu barada birnäçe faktor rol oýnaýar. Orsýetde köp sanly migrant bar, olar şol ýerde ýaşaýarlar. Bularyň köpüsi öňki Sowet Soýuzynyň adamlary. Olar belli bir derejede ýurda ýat adamlar däl. Ýöne konfliktli zonalardan ýa başga ýerlerden gelýän bosgunlar barada tutum bütinleý oňaýsyz. Esasan, migrantlar üçin köp halatlarda oňaýsyz, ýöne bosgunlar üçin has-da duşmançylykly. Barlag şuny görkezýär".

2015-nji ýylda migrantlaryň sany boýunça Orsýet 11,5 million bilen üçünji orunda durdy. Kriwoşeewiň pikiriçe Halkara günä geçiş guramasynyň barlagynyň adamlaryň umytsyzlygyny görkezýän bolmagy mümkin.

“Orsýetde esasy media döwletiň kontrollygynda”

Ol bosgunlaryň sany gitdigiçe artýana meňzeýär, hökümetiň muňa jogap edip girizýän çäreleri bu duýgulara gönükdirilenok diýýär.

Kriwoşeew ors hökümetiniň Günbatara garşy alyp barýan kampaniýasynda Ýewropadaky bosgun krizisinden peýdalanýandygyny aýdýar:

"Häzirki wagtda esasy media döwletiň kontrollygyndaky media. Ol migrant krizisini uly dessan edinip, ony, ine görüň, Günbataryň gymmatlyklaryna ýykgyn etseň, şular ýaly problemalar dörär diýip suratlandyrýar. Bulary, umuman, Günbataryň çüýremegi edip görkezýär".

"Amnesty International" öz indeksini geljek hepde 23-24-nji maýda Stambulda geçjek Bütindünýä Gumanitar sammitinden öň çykardy. Ol sammite gatnaşjaklary Birleşen Milletler Guramasynyň eden teklibini kabul etmäge çagyrýar. Bu teklip boýunça bosgunlary kabul etmek we olary goldamak jogapkärçiligini ähli ýurtlar paýlaşmaly.

Şeýle hem, Halkara günä geçiş guramasy sammiti häzir dürli hökümetler tarapyndan ýylda alynýan 100 müň bosgundan daşgary 1,2 million bosguny hem başga ýurtlarda ýerleşdirmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG