Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň ýük daşaýan uçary heläkçilige uçrady


Azerbaýjanyň ýük daşaýan uçarynyň Owganystanyň günortasynda heläkçilige uçramagy netijesinde ýedi adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň armiýasynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, uçar 18-nji maýda Helmand welaýatyndaky “Camp Dwyer” harby aeroportundan uçup ýokary galýan mahaly heläkçilige uçranda, onda jemi dokuz adam bardy.

Amerikan wekiliniň maglumatynda, wakada halas bolan iki adamyň saglyk bejergisini almagy üçin Gandaharyň aerodromyna getirilendigi aýdylýar.

Bu uçar Azerbaýjanyň “Ýüpek ýoly” howaýollary kompaniýasyna degişlidi.

XS
SM
MD
LG