Sepleriň elýeterliligi

Pariž-Kair ýolagçy uçary “ýitirim boldy”


“EgyptAir” howaýollary kompaniýasyna degişli uçarlaryň biri.

“EgyptAir” howaýollary kompaniýasyna degişli uçarlaryň biri.

“EgyptAir” howaýollary kompaniýasyna degişli Parižden-Kaire uçýan uçar radar-gözegçilik sistemasyndan ýitirim bolansoň, gözleg we halas ediş operasiýalary dowam edýär.

Müsüriň milli howaýollary kompaniýasy “MS804” gatnaw belgili uçaryň 19-njy maýda Müsüriň howa giňişligine girenden gysga wagt soň radar-gözegçilik sistemasyndan ýitirim bolandygyny aýdýar.

“Airbus A320” belgili uçarda 56 ýolagçy we 10 ekipaž agzasy bolup, ol iň soňky gezek Ortaýer deňziniň ýokarsynda görnüpdir.

Müsüriň armiýasy Gresiýa bilen hyzmatdaşlykda gözleg işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, uçaryň ýerleşýän ýerini anyklamak üçin gözleg uçarlarynyň we deňiz gämileriniň ýerleşdirilendigini belledi.

Şu ýylyň mart aýynda Müsüriň howaýollary kompaniýasynyň Aleksandriadan Kaire uçýan uçary alnyp gaçylyp, Kipre uçmaga mejbur edilipdi. Ol ýerde uçary alyp gaçan adam öňki aýalyny görmegi talap etdi. Aradan alty sagat geçensoň, adamyň tutulmagy netijesinde bu waka parahatçylykly tamamlanypdy.

XS
SM
MD
LG