Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gazagystany aktiwistleri boşatmaga çagyrýar


Gazagystanda geçirilen protestler döwründe ýurduň esasy meýdançalarynyň birinde duran polisiýa işgärleri.
Gazagystanda geçirilen protestler döwründe ýurduň esasy meýdançalarynyň birinde duran polisiýa işgärleri.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy Gazagystany, 21-nji maýda ýurduň dürli künjeginde geçirilmegi planlaşdyrylýan protestleriň öňýanynda tussag edilen aktiwistleri boşatmaga çagyrýar.

“Hiç kim parahatçylykly protestlere gatnaşmak isleýändigi üçin gulp astynda saklanylmaly däldir” diýip, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Mihra Ritman (Mihra Rittmann) 19-njy maýda ýaýradan beýanatynda aýdýar.

“Gazak häkimiýetleri protest planlary bilen ilteşikli tussag edilenleri derhal azatlyga goýbermeli, 21-nji maýdaky protestleriň geçirilmegine rugsat bermeli we köpçülikleýin ýygnaklarda repressiw kanuny üýtgetmäge çalyşmaly” diýip, Ritman belledi.

Soňky günlerde Gazagystanyň sudy Astanada, Almatyda we beýleki şäherlerde ençeme aktiwisti gysga möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

XS
SM
MD
LG