Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýa: ‘YD’-a goşulmakda bäş adama ýyl kesildi


"Yslam döwleti" atly söweiji toparyň bir agzasy.

"Yslam döwleti" atly söweiji toparyň bir agzasy.

Makedoniýanyň sudy bäş söweşijini “Yslam döwleti” atly topara gatnaşmakda we bu topara söweşijileri hakyna tutmakda dört ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

18-nji maýda Skopýeniň jenaýat sudy agzalýan bäş adamyň “daşary ýurt armiýasyna” goşulmakda günäli tapylandygyny aýtdy. Gürrüňi edilýän adamlar ýöňkelýän aýyplamalar dogrusynda özleriniň günälidiklerini boýuna aldylar.

Makedoniýanyň jenaýat kodeksine laýyklykda, ýurduň daşyndaky konfliktlere goşulan ýa-da daşary ýurt konfliktlerinde söweşmegi üçin söweşijileri hakyna tutan raýatlar bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilinýär.

Suduň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän adamlaryň bäşisi hem Siriýada we Yrakda söweşlere gatnaşyp, yzyna dolanandan soň tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG